Tabyt hekaýa- Gurbannazar Ezizow

Meniň atam bardy, atamyňam tabydy. Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyň tabydynyň bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan şol berdaşly tabyt biziň ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziň günortanlary hem ýerzemine girmek miýesser gelende, ýok zatlar ýadyma düşüp, depe saçym üýşýärdi.

Iň beteri hem, ol tabyt mende adamyň kellesine gelip biljek iç ýürekgysdyryjy, iň bir tukat pikirleri oýarýardy. Şäheriň giden bir raýonynda bizden başga hiç kimde tabyt bolmansoň, onuň hyrydaram kändi. Kä günler ikiläp-üçläp hyrydar tapylýardy.

Özümiziň saklap ýören şu geň emlägimize men ne begenjegimi bilýärdim, ne-de gynanjagymy. Tabydyň hyrydarlary zol gapymyzy kakyp duransoňlar, men “adamlar diňe ölýärler-ow” diýip pikir edýärdim.
Şol tabyt howlymyzda peýda bolandan soň, atam bilen kakamyň arasynda ownukly-irili çaknyşmalar döräp başlady.

- Kaka, sogap gazanmaga başga ýol ýokmudy? - diýip, kakam atamyň göwnüne degmez ýaly, seresabrak äheň bilen aýdardy.
- Ýerimiz darlyk edenok, oglum! - diýip, atam sakgalyny sypalardy. - Ýolda-yzda oňa büdrejek gümanyň ýok. Ol ýerzeminde.
- Ol-a şeýle welin...
- Ýeri, weliniň näme?...
- Howluda tabyt bolansoň, bu gün-erte ajal gelip ýakaňdan tutaýjak ýaly bolup dur...
Atam şundan soň myssaja ýylgyrardy-da:
- Gowy bor, oglum, gowy bor, käwagt ölüm hakynda pikir edäýmegem ýerliksiz bolmaz - diýerdi. - Onsoňam, özüň bilýäň, bu jelegaýda hiç kimde tabyt ýok ahyryn.
Gürrüň şunda gutardy.
Gapy bolsa şol kakylyp durandyr.
Äkidilende üstüni ýukajyk tozan gatlagy basan tabydymyz gaýdyp gelende, ýuwlup-ardylyp, öz gögümtil reňki bilen enaýy öwüşgin berýärdi.
Kakam ara wagt salyp, ýene atama igenerdi:
- Kaka diýýän-ä, şu tabyt saklamagyň gowy niýetmi?
- Gowy niýetmi, erbet niýetmi, onçasyny özüň bil. Ýöne adam diýeniň sen isleseňem ölýändir, islemeseňem. Il derdine ýarajak şaýyň şumam bolsa, saklamak erbet däldir. Ine, men erte ölerin. Şonda nädersiň? Iki sany ýasy şalmanyň üstünde ýuwup, şoňa mündüribem ýola salaryn diýjekmi?
Atamyň gaharynyň gelenini bilip, kakam ýene yzyna dolanardy.
Adamlar bolsa şol gelip durandyr.
Wagtal-wagtal atam tabydy howlynyň ortasyna çykaryp, sallançak bejeren ýaly, onuň gowşan çüýlerini berkiderdi, eger reňki solupdyr diýip pikir etse, alardy-da reňkläp goýbererdi.
Şeýli söýgi bilen tabydy bejerýän atama men näme diýip näme aýtjagymy bilemokdym: “Onuň ähli duýgusy ölen bolara çemeli” diýip, içimi geplederdim.
Ýaz geçip tomus, tomus geçip güýz geldi. Baglaryň saralan ýapraklary ýere şeýle bir göwünsiz gaçýardy welin, göwnüňe bolmasa, olar, iň bolmanda, ölümiň öň ýüzünde howada bir salym saklanmaly diýýän ýalydy.
Günleriň birinde kakam pýan bolup gelip, atamdan idinsiz tabydy ýerzeminden çykardy-da, ony palta bilen kül-owram etdi:
- Kim saklasa, şol saklasyn. Men indiden beýläk beýli jeza çydam edip bilmen.
Penjireden seredip duran atamyň gazaply sesi gulagyma ildi:
- Haý, wenezzyna!
Ol şundan başga bir sözem diýmedi-de, içini çekip, aşak çökdi. Penjiräniň aňyrsynda onuň nä haldadygyny bilemok, bilmänime-de şükür edýärdim.
...Güýz paslynyň irginsiz ýagşy ýaly, tabyt gereklilerem şol gapyny kakyp durýardylar. “Tabyd-a ýokdur” diýen jogaby eşidensoňlar, olar ýagşyň astynda niräk gitjeklerini bilmän, aljyraňňy halda maslahatlaşýardylar. “Aý, bul-a bolmady” diýşip zeýrenýärdiler.
Şeýle ýagdaýy görensoň, atam ahmyrdan hem-de gynançdan ýaňa müzzerip galýardy, kakamyň ýüzüne gazap bilen seredýärdi-de, öz jaýyna geçip gidýärdi.
Tiz wagtdan soň segsene ser uran atamyň haly ýaramazlaşyp ugrady. Ýanyny mazaly ýere beren atam täretinem düşekde etmeli bolýardy. Onuň indi galmajagyna gözi ýetensoň, kakam dogan-garyndaşlarymyza, dost-ýarlarymyza habar etdi: hoşlaşmakçy bolsaňyz gijä galmaň!
Esasy geljek adamlar gelip ýetişensoň, atam uzak jepa çekmän jan berdi.
Pahyr agşamara jan berensoň, ertir ir bilen jaýlamaly diýen maslahata gelindi. Ertirki gopjak howsaladan hiç kimiň habary bolmansoň, kakam haýal etmän atamyň doganyna - ýaşulymyza tabydyň ýoklugyny aýtmaly boldy. Şuňa-da şükür.
Adamlar tabyt gözleginde ikiýana urnup ugradylar. Gijäniň ýaryna çenli tabydy bolaýjak adamlaryň hemmesiniň gapysy kakyldy. Gidenem iki elini burnuna sokup gelýärdi. “Be, adamlar hem meniň kakam ýaly pikir edýän bolara çemeli: şol şum zady bir saklamaly. Gerek bolsa, ilçilikdir, elbetde, tapylar” diýýändirler diýip, men içimi gepledýärdim.
Uly bir şäherde tabyt ýokdy...
Ahyry daň saz berende, bir ýagşy adam gapymyzyň agzynda maşynyny duruzdy-da, howla gygyrdy:
- Birki sany adam çyksyn, haw!
Howla reňki saralan, çagşap giden tabydy saldylar. Ilçilik-dä, şuňa-da şükür!
Gün guşluk bolanda, atamy tabyda mündürip ýola düşdük.
Men öňem bu ýoldan telim gezek geçipdim. Emma ol hiç wagt şu gezekki ýaly tagaşyksyz, geň bolup görünmändi. Elleriň üstünde jygyldap barýan betgelşik tabytda ýatan atam, göwnüme bolmasa, häzir kellesini galdyryp:
- Oglum, maňa çekiçdir çüý, reňk getir, bu tabydy päbrikden çykma edeli - diýäýjek ýalydy.
...Adam soňky gezek ynjamaz ýaly, tabytlar berk bolmalydyr.
Gerek bolaýýar.
talyby
  • 2
  • 186
  • 12/07/2017 07:47
  • 4 minutda oka

talyby

1 hepde ozal

Täze gowy temalar açylmansoň, arhiwi dörüp ýörkäm gabat geldi. Gowuja eken welin, okap göräýiň diýdim-dä!

Parekmaher

1 hepde ozal

Пайланына сагжа бол дост!
Говы язылыпдыр.!.