Aziada-2017

“Sagdynlyk we ruhubelentlik” ýylynyň iri taryhy wakalarynyň biri boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça ᴠ Aziýa oýunlarynyň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri uly badalga alýar. Aziada oýunlary sportyň 21 görnüşi boýunça geçirilip, oňa Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň 62-sinden türgenler gatnaşarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça ᴠ Aziýa oýunlarynda öň bar bolan sport görnüşleriniň 19-syndan başga-da türkmen milli göreşi we atly konkur görnüşleri ýaryş meýilnamasyna goşuldy. Özüne çekiji batyrgaýlygy, wepadarlygy, çalasynlygy bilen oýunlaryň okgunlylygyny dünýä ýaýjak türkmeniň Alabaý iti “Aziada-2017”-niň Tumary hökmünde saýlanylyp alyndy. Bu iri halkara oýunlaryň resmi keşbinde türkmen halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýýan, Beýik Ýüpek ýoly boýunça geçirilýän gaýybana syýahat şekillendirilen. Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylygy, asudalygy, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy, şeýle hem sportuň ornuny berkitmek ýörelgelerini öňe sürýänliginden ugur alnyp, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk” “Aziada-2017” oýunlarynyň şygary hökmünde tassyklanyldy.
Güneşli Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça ᴠ Aziýa oýunlary ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da berkemegine, sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan çärelere uly itergi berer.
TDUmaksat
  • 2
  • 402
  • 11/07/2017 04:10
  • 1 minutda oka

Keks

4 aý ozal

Molodes osuş

acharsoz

4 aý ozal