Arak zawodlar (goşgy)


ARAK ZAWODLAR


Gün saýyn artdyryp alkaşyň sanyn,
Ile gülki etdiň milletiň känin.
Piwä adyn dakyp ol Bayram hanyň,
Adyny peselden haram zawodlar.

Tebigat, Balykcy, Jülgesi bilen,
Hem goşmaça töleg belgisi bilen.
Haram puly çöpläp, teňňesi bilen,
Köp gargyşa galan haram zawodlar.

Ter üzümler öwrülüdir çakyra,
Gör niçäni öwürip dur pahyra.
Ýuwaş-ýuwaş ýetirersiň ahyra,
Halaldan haramy ýasan zawodlar.

Dükanlarda hatar-hatar çüýşeler,
Içenler köçede porsap çişerler.
Gün batanda bir ýerjikde üýşerler,
Türkmeni azdyran haram zawodlar.

Konýaga goýupsyň Nusaýyň adyn,
Halky ýakyp barýa bir seniň oduň.
Çüýretdiň adamlaň bagyrdyr-ödün,
Saglygy zaýalan warak zawodlar.

Gelip durka ýüzläp-müňläp paralar,
Haçan, kim, nädip, olardan ar alar?
Haramlyk giňese halal daralar,
Haramyň gözbaşy haram zawodlar.

Garra-da ýaşa-da zyýanyn bilýän,
Saga-da hassa-da zyýanyn bilýän.
Zyýanly zatlaram öndürip bilýän,
Jenaýtçam bolsa azat zawodlar.

Halal halky kapyr kimin azdyryp,
Soňuny uruşa-goha ýazdyryp.
Öz gabryny öz-özüne gazdyryp,
Dowzaha ýollaýan arak zawodlar.


MasterBoy
  • 8
  • 361
  • 10/07/2017 06:48
  • 1 minutda oka

chishijek

2 aý ozal

oran yerlikli yazylan goshgy))

MasterBoy

2 aý ozal

Sag boluň!

MasterBoy

2 aý ozal

Line de shular yaly hakykaty gorkezyan goshgulary okamak isleseňiz @csc6341w goshulyn! Onda siz oz pikirlernizi hem lentada mugt paylashyp bilersiniz!
http://line.me/ti/p/@csc6341w

MerkezBu

2 aý ozal

Gosgydaki her sozune gosulyan hemmeside dogry

MasterBoy

2 aý ozal

Chishijek
MerkezBu
Sag bolun goldanynyz ucin!

MasterBoy

2 aý ozal

Oz duzen goshgym.

Shamahyly

2 aý ozal

Kerim Gurbannepesow:
-Şahyrlyk ýangynadan başlanýan eken!

MasterBoy

2 aý ozal

Dogry