Yykylmaly etmesin...

Yykyldym...Yany 18 yaşap tüys gülüp-oynap gezjek wagtlarym beyik gayadan dik başaşak gaytdym.Aşak güwlap barşyma gaty daşlara urlup awunjagym yadym düşüp,elhenç gorkudan yana gözlerimi berk yumdum.Şeyle bir gorkyardym.Sebabi gaty yaşdym.Beyle yykylmagy ön heniz başdan geçirip görmandim.Bu yykylyşdan son diri galaryn diyen umydym yokdy.Yöne,hayran galaymaly,ölmandirin.Gözlerimi açan wagtym meni iki sany kiçijek çaganyn halas edendigini aytdylar.Ynanmadym.Son biraz bolup-geçenler yadyma düşjek boldy.Meni hakykatdanam şol çagajyklar bu hadysadan halas edipdiler.Sebabi men aşak gaçyp baryarkam alaçsyzlykdan delmuryp,töweregime nayynjarlyk bilen seredyarkam,ojagazlara gözüm düşüpdi.Olaram men yaly gayadan gaçjak bolup durdylar.Yöne,olar şol boluşlaryna-da menin halymy görüp dursalaram meni kömege çagyryardylar.Bu apet yns-jynssyz gayada bolsa olara menden başga howandar çykjak yokdy.Onson men bar güyjümi jemlap,ol çagalary halas etmeli diyen netija gelip,öne tarap omzadym...Ol çagalar menin kiçijek doganjyklarymdy.Ol gayadan yykylan günüm ejemdir-kakamy ömürlik yitiripdik... Şeytdim-de yaşaberdim.Yöne gayadan gaçmanym bilenem yerdaki yaşayyşam gaty kyndy.Yöne,kynam bolsa asuda günümiz bardy.Bir gün gapy döwülyardi,bir gün öyde et gutaryardy garaz kyndy...Pul yeterlikdi,yöne et,un yaly zatlary biri alyp bermese özüm alyp bilemokdym.Şeydip yaşap yörşümize ep-eslije wagtam geçdi.İne-de asmanda lowurdap gün dogdy.Bir yakymly şöhle meni gurşap aldy.Men ol şöhleden yapyşdym-da asmana galdym.Kükregimi arassa howadan dolduryp,ömrümde megerem ilkinji gezek arkayyn dem aldym.Ol şöhle mydama menin arkamdady.İndi men yykylmajagymy duyyardym.Yykylayanymda-da ol şöhlanin meni yere degirman tutjakdygyny bilyardim.Ol şöhle bizin tutuş öyümizi mylayym yagtylyk bilen gurşap aldy.Men megerem ömrümde ilkinji gezek juda bagtlydym.Kawagt öz bagtymdan gorkyardymam.Bir gün men yene-de yykyldym.Erbet syrkawlapdym.Elimde bolsa eyyam 4 aylyk perzendim bardy.Men ony terk edip giderin öydüp dünyam üstüme yykyldy.Yene şol berk gaya,yene aşak tarap güwlap baryan...Yöne gara bulutlary bir tarapa kowup,anyrdan şol şöhle göründi.Ol yüzugra meni halas etdi.Men yene durmuşa gaydyp geldim.Son günlerde bir gün...Ay ynsanyn başyna bir yykylmak yazylsa gaçyp gutulmak kyn eken...Bu gezek yene yykyldym.Bu gezek şöhlanin özem gaty aljyrady.Maşyn,jay hemme zadymyzy satmak isledik.Kiçijek oguljygymyz ölüm yassygynda yatyrdy.Yöne şöhle yanymda bolanson biz yene-de biri-birimize göwünlik berip,yene durmuşa dolandyk.Perzendimiz özüne gelipdi.


Aradan birnaçe yyl geçdi.Önümde nahili ayylganç günlerin bardygyndan bihabardym.Beyle yowuz günlerin başyma düşjegini önünden bilsem belki aklymdan azaşardym...Bu gezekki yykylyşym önkülerin çeni-çaky bolmady.Ömrümde gaty köp yykylyp görsem-de bular yaly eymenç yykylmagy göz önüme-de getirmandim.Daş-töwerek gum-gukluk...Bar kişi ukuda,dünyani elhenç tümlük gurşapdy.Meni hemişe halas edyan şöhlanin bu gezek özi meni beyik gayadan rehimsizlik bilen iteklap goyberipdi.Men kimden bolsa-da şöhleden beyle yowuz herekete garaşmandygym sebapli,ilki ank-tank boldum...Son oturyp agladym.Şöhla yalbardym,hayyş etdim.Ol menin sesimi eşidip bir yzyna öwrülip,elini mana uzadyardy.Şonda onun gözlerinde ökünç,ahmyr duyulyardy.Birdenka-de olar yitirim bolyar-da,onun gözlerinde sowuklyk,natanyş bir garayyş peyda bolyardy.Son ol tazeden yene-de meni gayadan aşak iteklap goyberyardi.Men juda gorkyardym,alaçsyzdym.Daş-töwerekdakiler mana şunça hemayat gollaryny uzatsalaram olar meni halas etmekden ejizdiler.Men yeke-yalnyzdym.Hool daşrakda doganjyklarym,çagajyklarym gezip yördüler.Olar menin yykylyp baryanymdan bihabardylar.Menem olaryn asuda durmuşyny bozmajak,bolup zordan gygyrman saklanyardym.Dişimi gysyp,yykylmazlyga çalyşyardym.Birwagt yyly şöhlesi bilen meni çoyan hemayatkarim bolsa gayanyn üstünde aylanyp yördi.Onunam yagdayy öwerlik daldi.Olam yekedi.Onunam çekyan jebri meninkiden agyr bolmasa yenil daldi.Onun gezip yören gayasynyn hem aşagy jayryk atandy.Olam haçan yykylsa yykylaymalydy.Ol yokarda gezip yörşüne kawagt birden özüne gelyardi.Şonda menin aşak gaçyp baryanymy görüp,yüregi yarylan yaly bolup,mana tarap ylgayardy.Tanap oklap,meni derrew yokary çykaryp,halas edyardi.Onson iki bolup oturyp aglayardyk.Onun bu hereketlerine düşünmek islap gije-gündiz kelle döwyardim.Yöne sebabini bilip bilemokdym.Ona şöhlanin özem düşünenokdy...Ol şöhle menin yeke-tak arkadayanjym yanyoldaşymdy.Ol şonda içginin-şeytanyn yoluna düşüpdi..
Yany bir asuda yaşap başlayardyk welin,yene şol önki yagday yene beyik gaya,men bu durmuşda yykylyp-yykylyp halys yadapdym...Güyç-kuwwat,sabyr-takat gutarypdy...Onson hemme zady unudyp,namaza yapyşdym.Aglap Hudaya yalbaryp doga-dileg etdim.Bir gözümi açyp seretsem,yanymda şool önki şöhle yalkym saçyar.Gaya-da yok yykylyş-da...Herna Hudayjan ol yowuz günlerin geçdigi bolsun...Hatda duşmanymynam başyna beyle yowuz günler düşmesin...
Sohle
  • 3
  • 267
  • 08/07/2017 07:27
  • 4 minutda oka

Gowjam

2 aý ozal

Bu name ceper oylanmami.....gaty gowi yazylypdir;))

Sohle

2 aý ozal

@Gowjam hawa ceper oylanma sag bol!

Gowjam

2 aý ozal

@Sohle yene yetirip dur:)