TÄZE GURULÝAN DEMIR ÝOLLAR BU DOSTLUK WE HYZMATDAŞLYK ÝOLLARYDYR


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ykdysadyýetimiziň iň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag we aragatnaşyk ulgamynda il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ösüşleri, içerki we daşarky bazar gatnaşyklarynda gazanylýan üstünlikler, möhüm ähmiýete eýe bolýan ulag ulgamynda bitirilýän uly işler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ulag ýollarynyň köp ugurly ulgamyny döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany yklym üsti ýollaryň möhüm merkezine öwürmek boýunça ägirt uly maksatlaryna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugry bolup, sebitiň ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmaga we şonuň bilen birlikde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen demir ýol ulaglar pudagynyň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmeklige hem-de Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän täze ýollary döretmek ugrunda möhüm işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň demir ýollarynyň umumy uzynlygy 5113 kilometre barabardyr Ýurdumyzyň polat ýollarynyň ählisinde gurlan köprüleriň sany 742-ä barabardyr. Soňky döwürde amala aşyrylan möhüm ähmiýetli taslamalaryň biri hem Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolydyr. 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda açylan bu polat ýol Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň altyn halkasyna öwrülip, Ýewropadan Pars aýlagyna çenli ýoly 600 kilometr gysgaltdy. Uzynlygy 1050 kilometre barabar bolan bu ýoluň iň uzyn bölegi Türkmenistanyň çäginden çekildi.
Ýakynda Lebap welaýatynda Amyderýanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň üsti ýene-de täze ägirt uly injenerlik desgalarynyň ikisi bilen ýetirildi. Türkmenabady we Faraby birikdirýän bu demir ýol köprüsi tiz akymly Amyderýanyň şertlerine uýgunlaşdyrylyp, dünýäniň köpri gurluşyk ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak bilen guruldy. Desga gurlanda, agyr ýükli otlulary nazara almak bilen, ýokary seýsmiki durnuklylygy we ulanyş mäkämligi bolan gurluşlar ulanyldy.
Häzirki döwürde uly göwrümli we agyr agramly ýükleri hem-de köp sanly ýolagçylary ygtybarly gatnatmakda demir ýol ulaglary möhüm ähmiýete eýedir, emma demir ýol ulaglary ýa-da ulaglaryň beýleki görnüşleri bilen gatnawy guramagyň kyn bolan şertlerinde ýük we ýolagçy gatnatmakda awtomobil ulaglarynyň hyzmatyndan peýdalanmak amatly çözgütdir. Hut şu nukdaýnazardan Türkmenabat- Farap aralygynda täze awtomobil köprüsi hem ulanylyşa girizildi.
Köprüniň dört zolakly hereket ediş böleginiň ini 21,5 metre barabardyr. Awtoulaglaryň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin köprüniň öňlerinde uzynlygy 6 kilometr bolan pandusly ýol aýrytlary guruldy.Olar gapdal ýollardan girýän we çykýan awtoulaglara garşylyklaýyn zolaga çykmazdan hereket ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Köpüniň her tarapynda metal germewli, ini 1,5 metr bolan pyýada ýodalary göz öňünde tutuldy. Köpriniň ýol örtügi döwrebap polimer materialdan ybarat bolup, ol ýokary mäkämligi, uzak möhletliligi, ultramelewşe şöhlesine durnuklylygy bilen hem-de asfalt beton bilen deňeşdirilende ýukalygy hem-de ýeňilligi bilen tapawutlanýar.
Amyderýanyň üstünden çekilen köprüleriň ähmiýeti örän uludyr. Olar Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerinden, Günorta Aziýadan Hazar deňzine we soňra Gara deňzi sebitlerine, Ýewropa, Zakawkaziýe, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna ýükleriň daşalmagy üçin göni çykalgany açýar.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ulag we aragatnaşyk pudagynda häzirki zaman tehnologiýalaryň injenerlik çözgütleriniň we ylymyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, olara erk edip biljek öz hünärinden kämil derejede baş çykarýan hünärmenleri talap edýär, bu bolsa döwletimizde ulag we aragatnaşyk ugry boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ýeke-täk ýokary okuw mekdebi bolan Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň ulag we aragatnaşyk toplumyna yzygiderli berýän goldawy esasynda bu ulgamyň ähli pudaklarynda ösüşleriň bedew bady bilen ŷene-de belent derejelere galjakdygyna şübhe ŷokdur. Bize ajaýyp zamanada işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri dӧredip berýän hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Eziz Arkadagymyzyñ janynyñ sag, başynyñ belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işlerinde rowaçlyklaryñ ŷaran bolmagyny arzuw edýäris.
TDUmaksat
  • 0
  • 159
  • 20/03/2017 09:17
  • 3 minutda oka