Çaga gürrüňlerinden

Mugallym:
— Näme üçin, horaz her gün irden oýanan badyna bir aýagyny ýokaryk galdyryp durýar? — diýip soranda, okuwçylaryň biri:
— Sebäbi ol iki aýagynam birden galdyrsa ýykylardy - diýip jogap beripdir.

* * *

Mugallym okuwçydan:
— Sen özdoglan günüňi bilýärmiň? — diýip soranda, ol:
— Men ony takyk bilemok,ýöne ejem hemişe: «Sen pagta ýygylýan döwri dünýä indiň, seniň agaň senden iki ýaş uludyr» diýýär—diýiр jogaр beripdir.

* * *

— Eje, sen nirede doguldyň?
— Moskwada, gyzym.
—А kakam nirede doguldy?
— Kiýewde.
— Men nirede doguldym?
— Sen Sankt-Peterburgda.
— Geň galaýmaly, biziň her birimiz ýry-aýry şäherlerde doglupdyrys. Ýöne biz nädip bir maşgala bolup bildikkäk?

* * *

Ejesi gyzyna:
— Gyzym, sen ulugyz bolupsyň, ýöne öýe ýeke girmäge gorkýarsyň.
Gyzy:
— Ýok, eje, men gorkmaýaryn. Gel ikimiz öýe bile gireli. Şonda sen meniň hiç zatdan gorkmaýanymy bilersiň.

* * *

Kakasy kütek päki bilen oglunyň açyny syrypdyr. Päkiniň kütekligi sebäpli oglan aglaman zordan saklanypdyr. Şol wagt ol sygryň molaýandygyny eşidipdirde, kakasyna:
— Kаkа, näme, sygryňam saçyny syrýarlarmy? —diýip, sowal beripdir.

* * *

Gyzjagaz jorasyna:
— Seniň iki sany pişigiň bar. Olaryň birini maňa sowgat beräý —diýeninde, jorasy:
— Men olaryň haýsysyny saňa bereýin? —diýipdir.
Gyzjagaz:
— Eger mümkin bolsa, sen maňa olaryň agyny beräý—diýipdir.
Jorasy:
— Aý, ýok. Men аk pişigi özüm gowy görýärin —diýeninde, gyzjagaz:
— Onda sen maňa gara pişigiňi beräý — diýipdir.
Gyzjagaz az-kem oýlanyp:
— Men ony saňa höwes bilen bererdim. Ýöne ejem: «Özüňe ýaramaýan zady özgelere bermegin!» diýip tabşyrdy—diýipdir.
kitaphanachy
  • 6
  • 337
  • 31/05/2016 09:43
  • 1 minutda oka

Gowjam

2 aý ozal

Hehee

Gowjam

2 aý ozal

Hehee

elis

2 aý ozal

:-))))

bilal

2 aý ozal

Hihihi

tarhun

2 aý ozal

Huhuhuhuhuhuhahahahaha

Gowjam

2 aý ozal

Yeehhh.....bilaaaal bn tarhun gelipdir