Garashyk

Bahar bolup gujagyma dolañda,
Gül güjeñläp yañagyñdan öpeyin.
Dünyä yaly giñ bolup gel geleñde,
Señ goynuñdan öz bagtymy tapayyn.

Altyn kuyash bolup, alnymdan dogsañ,
Altyn ashyk bolup, alchy gopayyn,
Täleyim ters gelip, chüwmese bagtym,
Ayyt, läläm, seni nirden tapayyn?

Garashdyrma yer yüzünde bar bolsañ,
Wagt gitdi gün öyläne sayyldy.
Gözlerimi dikip seniñ yoluña,
Göwnüm husny-jemalyña mayyldy.

Güyze gadam goydy ömür kerweni,
Gör, sen nirelerde yekesireyäñ.
Belki lebleriñde goyalan ballar,
Señ demiñe simap yaly ereyär.

Irde-gichde satashmaly ikimiz,
Men ony bilemok-güyzdemi, gyshda.
Örtemäñem chaky bar ahbetin,
Nirede sen, nirede sen, perishde?

Mähir choyup, gülüp girseñ gapymdan,
Gich gelen bagtymy sylaryn yüze.
Güyz chigregi kakan güli güjeñläp,
Men seniñ öñüñde chökerin dyza.
Bayramsoltan
  • 12
  • 560
  • 29/06/2012 01:25
  • 1 minutda oka

virmenaard

5 ýyl ozal

gosgyn awtory kimka?

Dirol

5 ýyl ozal

Hm ýaman dal

Makestm

5 ýyl ozal

Gowy go$ky boljak sagboly$

Grizli

5 ýyl ozal

Kop sagbol uyam bet goshgy eken
ozun duzdunmi ????

Bayramsoltan

5 ýyl ozal

Bor, sizem sag bolun. Awtory nurgeldi chakanow.

akylym1989

5 ýyl ozal

paýlaşanyňa minnetdar!

Makestm

5 ýyl ozal

Gowy go$yky yende sagbol her bir sözün manysy ba

Bayramsoltan

5 ýyl ozal

Okanynyza, size yaranyna minnetdar.

BelarusynTalyby

5 ýyl ozal

gowja goshgy,sagbol paylashanyna

Bankir93

2 hepde ozal


Seniñ sary saçlaryñy synladym,
Sarsmany saklanar serde syratyñ.
Seniñ sadalygyñ sözde synadym,
Söýüp, sypap synlaýaryn suratyñ.

Saña söýgim syr saýypdym, sakladym,
Söýgim seni sessizlikde synlady.
Senem sessizlede söýgiñ sakladyñ,
Sessizlikde söýgi solup synmady.

Gowjam

2 hepde ozal

Hehee....bankir93 agza dine S harpdan josupsynyzda gaty gowy gosgy:)

Bankir93

2 hepde ozal

Sposiba GOWJAM