Söýerin entek!

Sen maňa samsyk diý, däli-mejnun diý,
Isleseň diýiber diwana, tentek.
Ýöne çep gursagym gürsüldäp dursa,
Men seni söýerin, söýerin entek!

Men göriplik etmen özgäň bagtyna,
Bagtly bolsun seniň söýen ýigidiň.
Ýöne men gynanýan meniň söýgimi,
Saýmadyň-la gabygyça çigidiň!

Men özüme näçe gezek zor saldym,
Seni undup ýeke-ýalňyz gezmäge.
Men balykdym, senem şoňa tor saldyň,
Men synanyşdym şol torlary üzmäge!

Torlar seniň şol garaja gözüňdi,
Tötänlikde gaýyp gitdi gapana.
Uzak gije nälet okap çykardym,
Söýgi sözün ilki oýlap tapana!

Men alaçsyz çar tarapa urunýan,
Aýagyna çüý giren bir şir ýaly.
Men oýlanýan gijä galyp söýdüm men,
Meň göwnüme ýa henizem ir ýaly.

Friendship
  • 6
  • 735
  • 11/06/2011 04:48
  • 1 minutda oka

Yegen

6 ýyl ozal



Sapa goshgyñ göwnümden turdy, al baýragñy, gyzyl onluk!:-)

Tourist

6 ýyl ozal

sahett

6 ýyl ozal

gowja gosgy eken

Friendship

6 ýyl ozal

Minnetdar, dostlar!

gugajanm

4 aý ozal

gowja

Gowjam

4 aý ozal

Tuweleme awtor gati gowy duzlipdir......balyga tor salan kimkaaa ;)