Olimpiadadan baýrakly dolandylar!

Salam hormatly agzalar we myhmanlar!
Köpden bäri tema açamok, bu günki açan temamy doly anyk maglumatyna ýetip acmadym, shonuñ üçin öz aramyzda pikir alyshyp bileris! :-)
24-30-njy aprelde Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen 45-nji Mendeleýew halkara olimpiadasynda ýurdumyzyň ýaş himik­leri öz başarnyklaryny görkezdi­ler. Bu halkara bäsleşige 15 döw­letden 96 okuwçy gatnaşdy. Bu halkara bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik eden “Başkent” türk­men-türk mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Eziz Kuliýew bi­len şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Yklym Bolmämme­dow bürünç medallaryň eýeleri boldular.
45-nji gezek geçirilen Halkara Mendeleýew Himiýa Olimpiadasy­na ýurdumyzdan jemi 3 okuwçy gatnaşdy. Olimpiada toparyna Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mu­gallymy Mämmetmyrat Geldiniýa­zow we “Başkent” türkmen-türk mekdebiniň mugallymy Perman Rozyýew ýolbaşçylyk etdiler. Olimpiada Moskwanyň M.W Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetinde geçirildi.
Her ýyl dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän bu bäsleşik 2009- njy ýylda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda geçirilipdi. Ol bäsleşik­ de türkmen ýaşlary iň köp baýra­ga mynasyp bolmagy başarypdy­ lar. Ýaşlarymyz köp ýyllardan bäri bu bäsleşige yzygiderli gatnaşyp gelýärler, öz başarnyklaryny görkezýärler. Ýaşlarymyzyñ her ýyl geçirilen şeýle halkara derejesindäki olimpiadadan baýrakly dolanmaklary bolsa aýratyn bellärliklidir.
Maykl
  • 4
  • 469
  • 08/05/2011 09:00
  • 1 minutda oka

Friendship

6 ýyl ozal

Tüweleme, watanmyzyñ abraýyny göterýän $eýle baýraklaryñ höwri köp bolsun!
Maykl, sag bol, täzeligi paýla$anyñ üçin!

magnit

6 ýyl ozal

berekella oglanlara üstünlik arzuw edyän! Belki gelejekde has ulyrak yary$laryn yenijisi bolsunlar!

p0e0r0i0j0i0k

6 ýyl ozal

tuweleme gaty gowy habar cyn yurejigimden begendim geljekdede hemmanize ustunlik

Stipe

2 aý ozal

Men öýe dolanyp geldim. Aýdyň hemmelere meň dolanyp gelenimi.

P.Diddy