«Türkmen medeniýeti» atly kitap milli Liderimiziň türkmen jemgyýetiniň ösüşinde köpasyrlyk medeni mirasyň orny hem-de medeniýet ulgamynda häzirki zaman döwlet syýasatynyň wezipeleri hakyndaky düşünje almakda ajaýyp çeşme bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu eserinde gadymy döwürlerden — irki ýaşaýyşdan, ekerançylygyň hem-de ösüşleriň ojaklarynyň peýda bolmagyndan başlap, milli medeniýetiň taryhy yzarlanýar.
Döwlet Baştutanymyz milli medeniýetiň iň oňat däplerini ösdürmek hemde dowam etdirmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Milli medeniýetimiziň iň oňat däpleriniň durnuklylygy netijesinde, ol dünýä ösüşiniň taryhynda aýratyn orny eýeledi. Döwlet tarapyndan döredilýän şertler gadymy milli medeniýetiň, döredijilik däpleriniň, dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köptaraply görnüşleriniň hil taýdan ösüşine, milletiň taryhy-medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, medeni mirasyň obýektlerini diňe goramak bilen çäklenmän, eýsem olary häzirki durmuş ulgamyna çekmek, olara aýawly garamak möhüm bolup durýar. Çünki milletiň taryhynyň we ruhubelentliginiň egsilmezligi ýurdumyzda we jemgyýetde amala aşyrylýan özgertmeleriň yzygiderliligini we üznüksizligini kepillendirýär.

09.04.2021.
Annadurdyýew Döwlet
TDBGI-talyby

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir