Remezan – Oraza päkize asmanda her ýylda düşýän aýyna görä, dürlüçe dogýar. Her ýyl hem on gün aýyň başyna süýşýär. Şeýlelikde her ýyl gaýtalanyp durmagy netijesinde Oraza dürli-dürli pasyllara düşýär.
Oraza – tutuş musulman ymmaty üçin mukaddes aýlaryň biridir. Oraza aýy ruhy taýdan tämizligiň hem-de haýyr-sahawatyň aýydyr. Oraza – selälik wagtynyň gutaryp, ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlap, tä Gün ýaşyp agşam namazynyň wagty başlaýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir.
“Oraza” sözi pars dilinden geçipdir. Bu arap dilinde “sawm” we “siýam” sözleri bilen aňladylýar. “Sawm” sözi arapçada: “Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak” manylarynda ulanylýar.
Oraza beden saglygyňa-da uly kömek edýär. Ol sagdynlygyň açarydyr. Bir ýylyň dowamynda dürli nahar bilen agram salynýan iýmit siňdiriji organlara dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döredýär. Oraza bedeniň açlyga-suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Oraza tutmak yslamyň 5 esasyndan biridir. Oraza hijretiň ilkinji ýyly, şaban (meret) aýynyň onunjy güni Medinede parz edilýär. Oraza namaz ýaly, beden bilen amal edilýän ybadatdyr.
Goý, bu Oraza aýynda etjek doga-dilegleriňiz we arzuwlaryňyz Allanyň dergähinde kabul bolsun!
Mukaddes Oraza aýy başlaýar
-
korpejik
4 days ago
- ÄHLI ALEMDE YASHAYAN BENDELERIÑ ORAZA AYYNDA TUTYAN ORAZALARY KABUL BOLSUN ...
-
korpejik
4 days ago
- ALLAHYMYÑ DERGAHINDE...
Mister X 4 days ago- Amin. Hemmejamizinkem kabul bolsun!