*Söýginiň baky juwanlygy bilen ýaşaýyş dowam edýär.

*Söýgi hem-de ýaşaýyş bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bitewilikdir.

*Söýgi – ýaşaýşyň ýüregi, durmuşyň özeni.

*Söýgi özüni ýaşaýşa bagyş edenligi üçin beýikdir, mukaddesdir.

*Söýmek – durmuşyňda täze bir dünýäni açmakdyr.

*Söýgi biziň ýüreklerimizi çalşypdyr, şonuň üçin men sensiz oňup bilemok, sen bolsa mensiz.

*Söýmek kalbyňa solmajak söýgi güllerini, soňlanmajak söýgi mukamyny peşgeş berýär.

*Söýülmek – lezzet, söýülmezlik – ezýet.

*Söýýän kalpdan çykyp, söýülýän kalba girýän mähir-muhabbetden doly sözler gaýtalanmajak söýgi aýdymyna öwrülýär.

*Ýüreginde söýgi ýaşaýan ynsan, özgeleri hem ýaşatmaga ukyplydyr.

*Hakyky söýgi wagtyň synagyndan geçýär.

*Söýüp bilýän ýüregiň hiç wagt söýgüsi synmaz.

*Söýgi – durmuşyň çyrasy. Şol çyranyň ýagtysy, hemişe ömrümize ýalkym saçýar.

Taýýarlan Aýjemal GAÝLYÝEWA, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
Paylasan:#Meredova

Edebiýat, kwazimoda tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir