Gijeki pikir
Bu gije-de, senden aýry ýerde men,
Gara gözleň süzüläýse birdenem,
Ukydanam, ähli özgelerdenem,
Rugsat berseň, biraz seni güýmäýin!

Arzuw edýän saňa Dünýäň gowusyn,
Laýyk saňa, çünki özüň gowusyň,
Aladadan gyzgyn başyň sowasyn,
Gaýgyň alyp, gara daga çüýläýin!

Çynar boýuň, gury tal däl, derek däl,
Senden özge kim bolsa-da, gerekdäl,
Meň ýüregim, beýdip biljek ýürek däl,
Ýazgyt bolsa, seniň bilen çüýräýin!

Bu Dünýede görüp bolmaz öňüňi,
Ykbal sataşdyrýar kybap-deňiňi,
Çykaramda menem soňky demimi,
Haýyş senden, gujagyňda süýnäýin?!

08.04.2021

1:05

Edebiýat, Wonderfull tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir