Geçmişine buýsanjy, nurana geljegine beýik ynamy bolan halk bagtlydyr. Biz şeýle bagtdan paýly halk. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bar. Agzybir halkymyz asuda, abadan durmuşda eşretli ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar. Halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen ähli amatlyklar döwletimiz tarapyndan üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde günlerimiz rowaçlyklara beslenip, ýurdumyzyň toýlary toýa ulaşýar. 
"Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" ýylynda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý baýramynyň, Ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramynyň bellenjek bolmagy herbir türkmen raýadyny ylaýtada biz talyp ýaşlary örän buýsandyrýar. Uly ruhubelentlige beslenjek bu baýramçylyklar halkymyzyň jebisliginiň, ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen dostluk-doganlyga ygrarlylygynyň, birek-birege ynanyşmak esasynda ygtybarly hyzmatdaşlygynyň dabaralanmagynyň baýramlarydyr.
Halkymyzyň bir supranyň başynda jem bolmagy Berkarar döwleti arzuwlan akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň arzuwlarynyň amala aşandygyny aýan edýär.

08.04.2021.ý
Annaberdiýew Abdyrahman
TDBGI- talyby

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir