Türkmeni älem içre tanadýan milli şaý-seplerimiz, halylarymyz, milli saz guralymyz bolan dutarymyz bilen bir hatarda, behişdi bedewlerimiz hem özüniň ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy, çeýeligi, çydamlylygy bilen dünýä bellidir. Lälezar sähramyza ajaýyp görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet berýär.
Türkmen asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerini ösdürip gelipdir, olary gözleriniň göreji deýin gorap saklap, ussatlyk bilen seýisläpdirler. Gadymy nusgawy edebiýatymyzyň sahypalarynda ahalteke bedewleriniň gözelliginiň, ýyndamlygynyň, eýesine wepalylygynyň waspy ýetirilipdir. «Görogly» şadessanynda Gyratyň Göroglynyň durmuşyndaky orny hakyndaky wakalar eseriň başyndan tä ahyryna çenli behişdi bedewleriň türkmen halkynyň batyr ýigitleriniň goly-ganaty bolandygyny äşgär edýär. «Oguznama» şadessanynda hem «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada» diýen setirler halkyň ata bolan buýsanjynyň näderejede belent bolandygyny äşgär edýär.

08.04.2021ý
Muhammetmuradow Merdan
TDBGI-talyby

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir