Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli we aýdyň geljegi nazarlaýan beýik işleri, parasatly başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýylyň dolmagy döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny täze mazmun bilen baýlaşdyrýar.
Häzirki wagtda Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu goşa baýramçylyga taýýarlyk işleri uly depginde alnyp barylýar.
 Bu babatda döwlet Baştutanymyz öz tekliplerinidir maslahatlaryny beýan edip, işleriň gidişi hem-de täze taslamalar bilen yzygiderli tanşyp durýar. Şu ýylyň 24-nji fewralynda hormatly 
Prezidentimiziň paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlap maslahat geçirmegi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 
Esasy Kanunymyzyň 24-nji maddasynda: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip bellenilendir. Şeýle-de 
Arkadag Prezidentimiz tarapyndan merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň dünýä derejesindäki abraýyny artdyrmak hem-de häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak barada birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.
Goý, ata-babalarymyzyň döwlet gurmak, şäher gurmak ýoluny döwrebap ugurda dowam etdirip, bu hakdaky tagallalary «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede baýlaşdyrýan 
Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramynyň dabarasy Aşgabadyň şu günki bagtyýar nesillerini belent maksatlara, joşgunly zähmete ruhlandyrsyn!

31.03 2021.
Isa Möwlamow 
TDBGI-mugallymy.

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir