Bedew diýlende, türkmeniň ýüregi gürsüldäp, gözi uçganaklaýar, kalbyna hyjuw, merdanalyk inýär. At türkmen üçin mukaddesdir, keramatdyr. Gadymdan bäri türkmeniň toý gününde ýoldaşy, ýowuz günde syrdaşy bolan bedewlerimiz bu günki gün Bagtyýarlyk döwrümizde toýlarymyzyň bezegine, sagdyn durmuşyň nurana nyşanyna, ösüşlere barýan ýurdumyzyň belent depgininiň, onuň ýol-ýörelgeleriniň, maksatlarynyň aýdyň alamatyna, dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Türkmen edebiýatynda nusgawy şahyrlarymyzdan başlap, bagtyýarlyk döwrümiziň şirin dilli ussatlaryna çenli towşan turuşly, gyz ýörişli ahalteke bedewinden ylham-joş alyp, ony wasp etmedigi ýok bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda hem halkymyzyň maşgala agzasy hökmünde gören behişdi bedewlerimiz barada ýürekden çykýan pähimli setirler örän köpdür. 
Pähimdar ata-babalarymyzyň akyl eleginden geçip, türkmeniň halk döredijiliginiň süňňüne siňen «Säher turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At saklamak — döwlet», «At ady bilen, ýigit ody bilen» ýaly nakyllardan çen tutsak, biziň arassa ganly bedewlerimiziň waspy has aňyrdan gaýdýandyr. 
Hut şonuň üçinem bu gymmatlyga goýulýan beýik sarpa hökmünde dünýäde ýeke-täk döwletde — eziz Türkmenistan döwletimizde bedewiň şanyna toý-baýram edilýär. At-abraýly seýisleriň neberesinden bolan hormatly ýurt Baştutanymyzyň behişdi bedewlerimize goýýan sarpasy, ahalteke atlaryna, atçylyk sportuna bolan çäksiz söýgüsi ýöne ýerden däl. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda türkmeniň aýrylmaz dosty hasaplanýan bedew atlarymyza berilýän üns güýçlendirilýär, atlar bilen baglanyşykly türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlary täzeden dikeldilýär. Toý-baýramlarda bedew atlarynyň ýaryşlary gurnalýar. 
Goý, bedewiň berekedi, onuň jemaly-görki göwnümize, ömrümize siňsin!

30.03.2021.
Rejepmyrat Gaýypow
TDBGI-talyby

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir