Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ilkinji günlerinden başlap milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerini düýpli döwrebaplaşdyrmak işiniň we tutuş türkmen topragyny gurşap alan oňyn özgertmeleriň başyny başlady. Ak mermerli paýtagtymyzyň ösmeginde döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly tagallasy bar.
Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär. “Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda  140 ýyllyk ak şäherimiziň ak mermerden bina bolýan keşbi – ak bagtymyzyň beýany. Çünki Aşgabat – ajaýyplygyň şäheri.
Halkara hyzmatdaşlygy nukdaý-nazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirkizaman binalarynyň gurulmagy şäheriň keşbiniň şu günki aýratynlygydyr.

30.03.2021.
Atamuradowa Gülşat
TDBGI-mugallymy

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir