Esasan, aýtjak bolýan zadyma üns beremsoň, dyngy belgiler bilen harp ýalňyşlaryna üns bermändigimi aýdaýyn.
Arada işde otyrkak işdeşlerimiň birine jaň geldi. Gürleşip bolansoň, gülüp başlady. Biz ýerli-ýerden näme boldy boluşdyk.
— Aý, oglanlaň biri jaň edip "haýyş" sözüniňi dogry ýazylyşy barada soraýar – diýdi.
Biri:
— Ýene şol haýyş sözünde "t" harpy barmy diýen sowalmy – diýip, sorady.
Ýaňky işdeşimiz:
— Ýok how, agam. "T-den" geçdik. Olar "haýyş" sözüniň soňunda "d" harpy barmy diýip, soraýalar – diýip gülýär.

Dogry, adamy bilmän diýýän ýa goýberýän kiçiräk ýalňyşlygy üçin günäkärläp bolmaz. Ýöne haýyş sözünde "t" harpy goýup ulanýanlarymyz köp. Bilmeýänimiz belläp goýalyň, ýatda saklalyň. "Haýyş" diýlip ýazylýar, "haýyşt" däl.

Edebiýat, A93 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir