Ennio Marrikoneniň kim bolandygyny bilýäňizmi? Eşidensiňiz, ol – belli italýan kompozitory. Bardy-geldi bu at nätanyş bolup görnäýse-de, bu siziň ony tanamaýandygyňyzy aňladar öýdemok.

Onuň dünýä ýurtlarynyň iň iri konsert zallarynda, aýratyn şüweleňli stadionlarynda, galyberse-de, nusgawy kinofilmlerde ýaňlanan kalbyňy heýjana getirýän üýtgeşik sazlaryny siz haçanda bir wagt, nirededir bir ýerde diňlän, belki, şu günlerem diňleýän bolsaňyz gerek. Ýöne beýik kompozitoryň saz sungatyndan başga-da bir yşky bardy. Ol – futbola bolan söýgüdi. Ine, şuny welin, köp kişiniň bilmeýän bolmagy mümkin.

* * *
Okyjylarymyza has düşnükli dilde sözlesek, Marrikone halypa žurnalistimiz Batyr Hally ýaly dünýäni unudyp, uzynly gününi küşt tagtasynyň başynda geçirmedi, türkmeniň taryhyny öwrenmekde är işini bitiren professor Öwez Gündogdy ýaly, ene-atasyndan ýaşyryn göreş zalyna gatnap, sambo boýunça ýurt birinjiliginiň ýeňijisi bolup görmedi, özboluşly şygyrlary bilen türkmen edebiýatynda yz goýan Çary Ýegenmyrat ýaly, oglan baryny üýşürip, ak alaňlaryň arasyndaky düzlüklerde futbol oýnamady. Ennionyň durmuşynda futbolyň peýda bolmagyna, adatça aýdylyşy ýaly, tötänlik sebäp boldy.

Günlerde bir gün okuwdan gelen 9 ýaşly Ennio kakasynyň çagyrýandygyny aýdanlarynda, onuň aýagy diýseň ýeňil gopdy. Çalaja aýdyma hiňlenmäge-de ýetişdi. Çünki kakasynyň kädaýym delje bir zat alyp berip, ogluny begendiräýmesi bardy. Haçan-da, kyblasynyň hyýrsyz gözüne gözi düşende, oglanjygyň ýüzündäki şatlykdan nam-nyşan galmady. Kakasynyň:
– Ýeri, utanmadyňmy?! – diýen azmly sesi bolsa ony müzzermäge mejbur etdi.
Bir ýakmaz iş edendigine düşünse-de, nämedigini ýadyna salyp bilmän kösendi.
– Dost-ýarlarym sen «Lasio» janköýerlik edýämişiň diýdiler. Şo çynmy?
– Men gitmejegem boldum, ýöne bile okaýan oglanlarym ýalbar-ýakar edip äkitdiler stadiona – diýip, Ennio düşündirmäge durdy. – Olaryň ählisi «Bürgütlere» çapak çaldylar. Menem şeýdäýdim-dä...
– Merez edäýdim-dä. Sen meniň oglum ahyry, ogul atasynyň garşysyna gitse nähili bolar?!
Oglanjyk başyny aşak salyp durşuna köwşüniň burny bilen ýer dyrmady. Oňa mundan artyk käýäp oturmagyň hajaty ýokdy, ol ähli zada düşünipdi. Aslynda Ennio hiç toparyň hem tarapdary däldi.

Ýöne şol wakadan soň welin, kakasynyň eý görýän topary, «Lasionyň» esasy garşydaşy hem bäsdeşi – «Romanyň» çyn muşdagy boldy galyberdi. Kakasynyň yzyna düşüp, «Ene möjekleriň» janköýerleriniň sanyny artdyrdy. Has anyk aýtsak, şol wakadan soň «Roma» belli kompozitoryň ömrüniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Kakasynyň käýýän şol güni onuň hemişelik hakydasynda galdy. Stadiona baryp, haýsydyr bir topara janköýerlik etmegiň hata işdigine birbada asla akyl ýetirip bilmedik Ennio wagtyň geçmegi bilen, kakasyndan kine edip hem oturmaly däldigine diňe bir düşünäýmekdenem ötri, özem şol ýola düşdi oturyberdi.

Bir gezek welin, şeýle waka bolup geçdi. «Romanyň» duşuşyklaryna hemişe ýanýoldaşy bilen gidýän Marrikone «Ene möjekleriň» esasy garşydaşy «Lasio» bilen bolýan oýna dostunam äkidäýmezmi?! Duşuşyk gyzgalaňly dowam edip durka «bürgütler» tapawutlananda, Ennionyň dosty ör turup, uly gowur turuzaýmazmy?!
Ol şeýle bir heşelle kakyp, bökjekleýärdi. Bu bolsa belli kompozitora ýaramady. Ol dostunyň penjeginiň eteginden çekip, ony köşeşdirmäge çalyşdy. Netije bermedi. Şol wakadan soň gaýdyp Ennio dostuny stadiona bile gitmäge çagyrmady.

* * *

Sport dünýäsi Marrikoneniň sazlaryna aýratyn sarpa goýýar. Elbetde, muňa esas hem ýok däl. Onuň bu ugurda döreden sazlary millionlaryň uly söýgüsine mynasyp boldy. Sport dünýäsi Marrikoneniň sazlaryna, aýratyn-da, The Ecstasy of Golda – üýtgeşik hormat goýýar. «Bi-Bi-Si» «Football Focus» gepleşiginiň çäklerinde Çempionlar ligasynyň duşuşyklaryny dabaralandyrdy. Marrikoneniň sazlary bolmasa, dünýäniň tanymal režissýorlarynyň filmlerini göz öňüne getirmegem kyn. Muňa näçe mysal getirsegem azlyk edäýmese.
Şeýle-de bolsa, käbirini ýatlap geçäýmek gerek. Serjo Leoneniň «Bir ýola Amerikada», «Ýagşy, ýaman, hyýrsyz», «Bir ýola Günbatarda», Bortoluççiniň «Ýigriminji asyr», Juzeppe Tornatoreniň «Pianinoçy hakynda rowaýat», «Malena», Jorj Lotneriň «Professional», Kwentin Tarantinonyň «Erkin Jango»... ýaly filmleriniň Ennio Marrikoneniň sazlary bolmasa kemterräk kakjagy köre hasa. «Pisleriň sekizligi» filmine ýazan sazlary üçin bolsa Marrikone «Oskar» baýragyna mynasyp boldy.

Belli kompozitor kamera sazlaryny döretmekde hem uly yz goýdy. Konsertleri bilen bütin dünýäni aýlanyp çykdy. Filarmoniýalardan we konsert zallaryndan başgada, onuň özüni öte rahat duýýan ýeri bardy. Ol – stadiondy. Marrikone futboly öte eý görýärdi, «Olimpikonyň» şowhuny bolsa täze döredijilik gözleglerine ýol açýardy.

Ol 1978-nji ýylda Argentinada geçen Dünýä çempionatynyň senasyny ýazdy. Munuň özi Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky ilkinji şeýle derejedäki senady. Aradan esli ýyl geçensoň, Marrikone ýene bir dünýä derejesindäki uly ýaryşyň – 2026-njy ýylda Milanda geçjek Olimpiýa oýunlarynyň senasyny ýazmalydy. Ýöne ol muňa ýetişmedi...

Aslynda beýik kompozitor her bir çykyşynda «Roma» bolan beýik söýgüsini beýan etmegi özüne hormat bilýärdi. Ol bu toparyň tanymal oýunçysy De Rossi bilen topar çempion bolsa şäheriň çetine çykyp, bileje oturmagy teklibem edipdi. Ýöne ol bu arzuwyna ýetip bilmedi. Ömrüniň segsen ýylyny «Roma» janköýerlik etmäge bagyşlan kompozitor 2020-nji ýylyň iýul aýynda 91 ýaşynda aradan çykdy. Şeýdibem saz hem futbol dünýäsi ýene bir hak aşygyny ýitirdi.

* * *

Hawa, Marrikone geçen ýylyň iýulynda aramyzdan gitdi. «Olimpiko» ýasa bürendi. Onuň sazlary bolsa şu günlerem söýlüp diňlenilýär, diňlenerem. Olarda ynsan kalbyna ýiti täsir edýän jady bar ahyry. Tüýs «Ömür – gysga, sungat – baky» diýlenidä...

Goçnazar HEŞDEKOW,

«Türkmen sporty».

Gazetiň 9.01.2021 sanyndan

Sport, A93 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir