Çempionlar ligasynyň senasynyň millionlary özüne çekýän täsin owazy ýaňybir soňlanyberipdi. Emin adaty endigine eýerip, oýun başlar-başlarda toparlaryň kapitanlaryny orta çagyrdy. Elindäki köpüginiň taraplaryny saýladybam, ony ýokaryk oklap gapdy. «Realyň» we «Borussiýanyň» kapitanlary el gysyşyp, bir-biri bilen tumar alşyp-berişdiler. Manolo Sançiz ylgap meýdanyň ýakasyna bardy-da, dortmund tumaryny lukman Antonio Asedo uzadaryna mähetdel ol:
– Eý, oňa seret, derweze ýykyldy! – diýip seslendi. Manolonyň jogaby nagt boldy:
– Goýsa-naý walla, ynanylaýjak zat aýtsana!
Lukman öte degişgen bolansoň, onuň mahal-mahal her hili hokga çykaraýmasy, türgenleşiklerde oýunçylara degäýmek edähedi bardy. Şonuň üçinem, Manolo Sançiz onuň sözlerini nobatdaky degişme hökmünde kabul etdi. Ýöne yza gaňrylyp bakanda, lukmanyň gara çynydygynyň şaýady boldy. Hakykatdan-da, ýap-ýaňy ýalpyldap duran derwezäni edil ýer hopan ýalydy.
Şol gün Ýupp Haýnkesiň «Realy» 1997 – 1998-nji ýyllaryň Çempionlar ligasynyň birinji ýarym finalynda Newio Skalanyň «Borussiýasyny» kabul edýärdi. Dortmundly ýigitler baýragyň şol wagtky eýesidiler.
Madridli janköýerler turuwbaşdan nemes futbolçylarynyň howuny basmak islediler. Olar demir torly germewiň üstüne galyp, ony yramak bilen, baýdaklaryny galgadýardylar. Ol derwezäniň yzky sütünlerine berkidilendi. Haçanda janköýerleriň agramyna döz gelmedik germew güwläp aşak gaýdanda, derweze-de bialaç onuň «yzyna» eýermeli boldy.
Şeýle ýagdaýda oýnuň başlanmajagy köre hasady. Emin oýunçylary egin-eşik çalşylýan otaglara ugratdy. Meýdanda gaýda-gaýmalaşyk köpeldi. «Realyň» hojalyk bölüminde başga bir derweze tapdyrtmady. Klubuň işgärleriniň öňki derwezäni sana goşmak babatdaky hysyrdylaram netije bermedi. Derwezäni öňki kaddyna getirmek başartmady. Dörän ýagdaýdan baş alnyp çykyljagyna ýüregi suwly janköýerler bolsa «We Are the Championza» zowladýardylar.
Egin-eşik çalşylýan otaglarda doly nämälimlik höküm sürýärdi. Gelip gowuşýan habarlar gyzgyny bilen üýtgäp durdy: duşuşyk birneme gijräk başlanar, ertire geçiriläýmek ýa-da düýbünden ýatyrylaýmak ähtimallygam ýok däl...
― Biz «Realyň» ― dünýäniň iň gurply toparynyň stadionynda otyrys ahyryn. Ýeri, ätiýaçlyk derwezesi şu ýerde bolmasa, nirede bolmaly?! ― diýip, «Borussiýanyň» ýarym goragçysy Knut Raýnhard gatyrgandy. Diýseň-diýmeseň, ol mamlady. Ýöne bu şol wagt hiç kesiň «derdini» ýeňledip biljek däldi. Egin-eşik çalşylýan otagda alasarmyklykdy. Kimdir biri endamyny ýazsa, kimdir biri köýnekçesini çykaryp, dynç alýardy, käbirleri bolsa gözüni pugta ýumup, oýa batyp otyrdy.
«Realyň» oýunçylarynyň bolýan ýerinde hem ýagdaý şondan gowy däldi. Olar duşuşykdan öň nähak ýere endamlaryny ýazandyklaryna ökünmänem duranokdylar. Şol pursat administratorlaryň biriniň howsalaly: «Oglanlar, ownuk zatlaň gürrüňini edýäňiz. Eger häzir derweze ýerinde dikelmese, UEFA bize 0:3 hasabyndaky tehniki ýeňlişi ýelmeýä. Ana, şol erbet» diýip gygyrmagy ahmyrly hüňürdileriň üstüne suw sepilen ýaly etdi. Hojalyk bölüminiň başlygynyň kömekçisi Agustin Errerin ber-başagaý bolup ýören resmi wekilleriň arasynda meseläni akylly-başly çözmäge ukyply ýeke-täk kişi bolup çykdy. Ol stadiondan birki kilometr uzaklykdaky köneje sport toplumyndaky ammarlaryň birinde ätiýaçlyk derwezesini görendigini ýadyna saldy.
― Häziriň özünde ugra! ― diýip, klubuň prezidenti buýruk beriji äheňde seslendi.
Hojalyk bölüminiň işgäri derwezeçi Migel Anhelem ýanyna alyp, kiçeňräk ulagda ur-tut ýola düşdi.
Olaryň öňüne düşüp barýan polisiýa işgärleri bolsa ýolyşyklara çenli öçürip, bökdençsiz hereket howpsuzlygyny üpjün etdiler. Ýöne toplumyň derwezesinden asylan uly gulp olaryň hereketini bökdedi. Ýeri, indi näme etmeli? 63-i arka atan Errerin dyrmaşyp diýen ýaly haýatdan aşdy. Elbetde, ýeňil düşmedi. Muňa ýyrtylan jalbar hem sypjyrylan barmaklar şaýat. Agustin şeýdip görgi baryny görüp derwezäni açdy. Anhel ulagy bilen howla girdi. Ýöne futbol derwezesi kiçi-girim zat däl-ä, ol bu kiçijik ulaga sygarmy näme? Polisiýa işgärleriniň biri başyny ýaýkady:
― Eger-eger, sygmajagy görnüp dur-a.
Errerin aladaly gözlerini töwerege aýlady. Toplumyň çäginde Kandido Gomes ýegeni bilen ýük ulagynda gurluşyk harytlaryny düşürmek bilen başagaýdy. Agustin aljyraňňy seslendi: «Jenaplar, bize siziň ýük ulagyňyz gerek. Derwezäni gyssagly ýagdaýda äkitmek gerek, gaýrat edäýiň-dä...»
Äm-säm bolan Gomes ylalaşman bilmedi. Ýöne ýene bir mesele ýüze çykdy oturyberdi. Derwezäniň ýerleşýän ammarynyň hem gapysy gulply eken. Eýesem ýok, açaram. Näme etmeli? Gomes ýük ulagynda gapyny böwüsmegi teklip etdi. Şeýle-de, etdiler. Gulp gapy-sapy bilen zyňlyp gitdi.
«Gaýdyşyn biz hamala ýurduň premýer-ministriniň ulaglar kerweni geçip barýan mysaly menzil aşdyk. Ýollardaky ulaglaryň hereketi doly togtadylansoň, biz ýolyşyga-da üns bermän myçyp barýardyk.
Ähli mesele çözülensoň, maňa duşuşyga tomaşa etmegi teklip etdiler. Ony höwes bilen kabul etjekdim welin, işim garaşýardy. Soňra «Realdan» maňa pul sowgady, ýadygärlik sagat, klubuň prezidentiniň minnetdarlyk haty we toparyň futbolçylarynyň gollary goýlan top gelip gowuşdy» diýip, ykbalyň emri bilen bu wakalara goşulmaly bolan Kandido Gomes soň-soňlaram buýsanç bilen ýatlar eken. Toparyň pul sowgadyna bolsa ol hususy ýük ulagyny edinip, gartaşýança şol ulagynda il-ulsa hyzmat edipdir. Elbetde, dünýä futbolynyň taryhyna giren ýarym final duşuşygyny halas edişi barada bolsa, agtyk-çowluklaryna-da gürrüň berer eken.

***

2014-nji ýylyň ýanwar aýynyň bir güni Kriştianu Ronaldu stadionda «Altyn topuny» güjeňläp ýörkä, fotohabarçy oňa topar bolup surata düşmegi teklip etdi. Şöhratly pursatlaryň goýnunda ýaýnaýan portugal ýyldyzy garşy bolup durmady. Fotoenjamyň düwmejigi basylaýar-basylaýarda nämüçindir Kriştianu, Ramos hem Marselo ellerini bulap kimdir birini ýadygärlik surata düşmäge çagyrmaga durdular. Bir gyrada hojalyk işleri bilen gümra bolup ýören kişi höwes bilen futbolçylara tarap gaýtdy. Ol 79 ýaşly Errerindi.
Ertesi gün ol şol töwerekdäki dükanlara aýlanyp, «Realyň» dünýä belli oýunçylary bilen düşen suratlary ýerleşdirilen gazetleriň ählisini diýen ýaly satyn aldy. Goja sandyraýan elleri bilen gazet sahypalaryny agdaryp durşuna aşa tolgunmadan ýaňa gözüne ýaş aýlady. «Sylabildiler, sagbolsunlar, olar biçak gowy oglanlar» diýip, päli pes goja eşidiler-eşidilmez pyşyrdady.

***

Hawa, «Real» şol gün 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Fernando Morýentes bilen Kristian Karambýo tapawutlandy. Dortmundyň toparynyň direktory bilen metbugat sekretarynyň bolsa şol gije gözüne uky gelmedi. Olar garaňkylyga dulanyp, «Bernabeu» stadionyna gaýtdylar. Olaryň maksady Erreriniň getiren şol derwezesiniň inini-boýuny ölçäp, bir kem tapmakdan ybaratdy. Elbetde, olar «Biz UEFA-nyň wekilleri» diýip ýalanam sözlemeli boldular. Şeýtmeseler gijäniň ýary olary bu ýere kim goýberjek!? «Biz soňky santimetre çenli ölçedik. Ýöne içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ähli zat ýerbe-ýer bolup çykdy. Dogry, bir tarapy beýlekiden sähelçejik beýikdi. Ýöne munuň özi bahana arap, şikaýat etmek üçin ýeterlik däldi» diýip, Dortmundyň metbugat sekretary Ýozef Şnek soň-soňlaram ýatlar eken.
Dortmunddaky jogap duşuşygy 0:0 hasabynda tamamlandy. «Real» finalda bir top tapawudy bilen «Ýuwentusdan» üstün çykdy. Nemes tälimçisi Ýupp Haýnkes çempionlar ligasynyň özi üçin ilkinji, «Real» üçin bolsa ýedinji Kubogyny ýokary galdyrdy.
Taýýarlan Goçnazar HEŞDEKOW,
«Türkmen sporty».


«Türkmen sporty» gazetiniň 19.12.2020 sany

Sport, A93 tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir