Dünýä belli “France Football” žurnaly ähli döwürleriň iň gowy simwolik ýygyndysyny, ýagny “Ballon d’OR Dream Team”-i mälim etdi. Dünýäde 140 žurnalistiň ses bermegi esasynda düzülen toparda derwezeçi hökmünde Lew Ýaşin (Russiýa) saýlandy. Toparyň goragçylaryny Paolo Maldini (Italiýa), Frans Bekkenbauer (Germaniýa), Markos Kafu (Braziliýa), ýarymgoragçylaryny Hawi Hernandes (Ispaniýa), Lotar Matteus (Germaniýa), Diego Maradona (Argentina) hem-de Pele (Braziliýa) düzýär. 3-4-3 taktiki shemasy esasynda düzülen toparyň hüjümçileri-de Kristiano Ronaldo (Portugaliýa), Luiz Ronaldo (Braziliýa) hem-de Lionel Messi (Argentina) boldy.

Çeşme: zamaturkmenistan.com

Sport, Durmus_Myradow tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir