Bir bar eken bir ýok eken
Dostluk adynda bir ada bar eken.
Bu ada kiçi bolansoñ eýesi köp bolon eken. "Taşlisin ýaşisin" baş şygarlary bolupdyr. Ýöne kim köp tölese şoñ sözi geçer eken. Soñ başgasy gelip köp tölese oñ sözi geçer eken. Öñki tölän hakyny talap edip ugrasa elinden resminamalaryny alyp, eline gandal dakyp adadan kowar ekenler. Adadan kowulanlaryñ sany gaty köpelipdir. Şol bir wagtyñ özünde adanyñ eýesi hem köpelipdir. Ýöne bu ýagdaý ada peýda däl zyýan ýetiripdir hemde uly zyýan. Adada gozgalañ turupdyr, halk aýaga galyp başlapdyr. Bu ýagdaýy gören adañ hojaýynlary gorkupdyr, we adany palan baýa satdym indi meñ işim ýok o ada bilen diyip, günäni başgasyna ýükläpdir.

Howwa, şeýdip sähel wagt geçen soñ ada-da gozgalan turup hemme zat weýran bolup barýar diýýä. Onsoñ häälki başdaky hemme zadyñ sebäpkäri bolan adam, ýüzündäki maskasyny çalşyp, öñki halas ediji melek maskasyny geýägedin adanyñ ýaşaýjylaryny halas edipdir. Haklaryny hem artykmajy bilen yzyna beripdir.

Adadaky käbir gozgalan çykaran adamlaram nankör, züwwetdin, pula satylan eken. Gepleme diýip hasaplaryna pul geçirip berensoñ agzyny ýumupdyr. We, hamala hiç zat bolmadyk ýaly adany ýene öwüp başlapdylar.

Ýöne adadakylar bir zada düşinenoklardy. Adanyñ başyndaky adamlar çalşylanokdy. Ada hiçkimede satylmandy. Satylmazam. Diñe adañ başynda oturan adam(adamlar/näçe sany bar bolsa) gezekli gezegine ýüzündäki masgany çalyşýarlar. Adadakylar bolsa muny bilenoklar. Bilýänlerem aýdanoklar, sebäbi bilýänlerem bizar bolýan zatlardan.

Ýenede ertekiniñ iñ gyzykly ýeri dostluk adasynyñ başynda iki adam oturan bolsa(mysal getirýän) we hersiniñem azyndan 4-5 ýüzi bar bolsa, diýmek adadaky esasy hereketli adamlaryñ hemmesi bir adam. Her gezek ýaltanman üst başyny ûýtgedip masgasyny çalşyp halkyñ içine girýärler, we özüni özi öwüp arşa çykarýar, halkyñ gözüni boýaýar, başarýaram, adadaky adamlaram ynanyp seredip durýalar.

Bu ertekide başgada gyzykly wakalar bar. Ada başga adanyñ garakçylary hüjüm etdi talañçylyk etdi diýip özeri özlerine hüjüm etýärler. Gyzykly gerek. Onam ertekiniñ indiki dowam bölüminde ýazaryn, häzirlikçe hoş sag boluñ saglykda galyń. Ertekem bolsa gerekli ýerini saýlap alyñ.

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir