Betha dosdun dusman kylyp, ser eder,
Ýagsy gylyk häsiýeti bolmasa,
Özüne söz getir, basyn har eder,
Akyl-husy, parasaty bolmasa.

Tekepbirlik eder, bilseñ namardy,
Siri gör barçadan özin kem gördi,
Hiç kimse idemez bir dogan merdi,
Deñ-dus bilen mylakaty bolmasa.

Derýalar çekiler, baran kem iner,
Bereket göterler, ilaty däner,
Ýurt bozulyp, mülki haraba döner,
Sa tagtynda adalaty bolmasa.

Mert bolan ejize söz diýmez üstem,
Ha bolsa Zal ogly päliwan Rüstem,
Her namartdan merde ýetiser sütem,
Hemaýaty, bas döwleti bolmasa.

Ýagsy hatyn aýsy , zowky-sapadyr,
Ýaman hatyn basa töhmet-beladyr,
Mal gazanmak tende jana jepadyr,
Ogul atly bir zürýady bolmasa.

Akly bolan melamatdan gaçarmy?
Akmaga nesihet, güftar açarmy?
Asyky diýr, jürmi günäñ öçermi?
Bende bola melamaty bolmasa.

Edebiýat, Yylgyn tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir