Nesihat eýläýin, diñläñ, ýigitler,
Pis hatyn baslagan toýa bas bolmañ!
Müñ nesihat aýtsañ, birisin tutmaz,
Agzybir bolmagan öýe bas bolmañ!

Deññene eýleme, salysma kylmañ,
Arassa söwda et, çalysma kylmañ,
Hos mylaýym boluñ, kern suhan bolmañ!
Menden zynhar, iliñ bile kas bolmañ!

Her giz atañ bolsa, bolmagyn kepil,
Burunkydan galan: «Kepiller sepil»,
Men aýdaýyn, diñlemeseñ, özüñ bil,
Aýaklasma edenlerge bas bolmañ!

Nesihat diñleseñ, äriñ äri sen,
Almasañ nesihat, köpiñ biri sen,
Artyk saldygyny özüñ tölir sen,
Agzy ala kowumlara bas bolmañ!

Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar,
Biwagt ýörgen melamata çoh galar,
Ömriñ boýy ýygnaganyñ ýok bolar,
Haram söýen ýigitlere bas bolmañ!

Her giz ýaman bilen birge ýörmäñler,
Oýnaýyp gülüban, bile barmañlar,
Kösti ýeter bir gün, ýalan bermäñler,
Guda-gaýyn bolp, bela dus bolmañ!

Magtymguly, köp söwdaly basyñ bar,
Ömriñ uzak, ýüzden asa ýasyñ bar,
Özüñi bil özgede ne isiñ bar,
Bahabar ýör, Hak ýanyndan das bolmañ!

Edebiýat, Yylgyn tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir