Düýnki gözeller öwriler ynjaga,
Newir gözeller öwrilee ganjyga,
Düýnki sagadam oturar sanjyma,
Meselani çözip bolmaz ýapysyp hanjara.

Kyn bolsada basyñy egmegin,
Dostum basarsañ ejize degmegin,
Içýän bolsañam bilgin çeniñi,
Çekmeýäne hödirleme çekýän çilimiñi.

Artykmaç gürleme dogry gürläp bilmeseñ,
Gyzy oýnama dost eger söýmeseñ,
Her bir isiñde bolgun ukyply,
Esasy ene ataña bolgun rakyply.

Baýlar sürýämis iki bir asyry,
Öziñ bilen deñ görgün garyp gasary,
Soñam ýatmaly ýeriñ gara toprakdyr,
Ol dünýede hemme dereje deñ boljakdyr.

Näme aýyrar ýürek syramy,
Diýäler gül bolar içseñ elli gramy,
Günäleme dostum gaharyna içýäne,
Sylaýan ýagdaýyma düsünip geçýäni.

Setir siñsin giñ äleme,
Düzüw ber ALLAM niýet pälime,
Gelin wepaly bolsun öz ärine,
Jelep düzülmez dolanar öñki kärine.

Ejedir köñli hemise ýad eden,
Eger ýalnysan bolsañ basla täzeden,
Heý bir doýup bolarmy eje däden,
Görjegi horlukdyr ene atany ýad eden.

Edýän tamam wi ýok dowam,
Söýgüden dost ýüregim sowan,
Döneýin saña tozanly obam,
Dasoguzda ulalsamam Garagaç nambowan.

Arkada dag bol her ýetime,
Dertlere sypa bol meñze lukman hekime,
Ömirlik zat ýok ölim geler her kime,
Adamyñ ýüregine seret seretme görküne.

Sorag-jogap, Yylgyn tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir