Antonio Manuel de Oliweýra Guterreş ýa-da Guterreş. (Portugalça: António Manuel de Oliveira Guterres) [ɔtɔnju ɡuˈtɛʁɨʃ] (inf.); 1949-njy ýylyň 30-njy aprelinde Portugaliýanyň Lissabon şäherinde doguldy) Birleşen milletler guramasynyň häzirki Baş sekretary ( 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri)
Portugaliýanyň Sosialistik partiýasynyň Baş sekretary (1992-nji ýyldan 2002-nji ýyla çenli),
Portugaliýanyň premýer-ministri (1995-nji ýyldan 2002-nji ýyla çenli),
Halkara Sosialistik guramasynyň başlygy (1999-nji ýyldan 2005-nji ýyla çenli),
BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygnyň komissary (2005-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli).

Jenap Antonio Guterreş - 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarydyr (guramanyň taryhyndaky 9-lanjy Baş sekretardyr) çalşyrany Pan Gi Mun.
Antonio Guterreş 2005-nji ýylyň 15-nji iýuny - 2015-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary komisarlygynyň komissary wezipesinde işländir.

Terjimehaly

Antonio Guterreş 1949-njy ýylda Lissabonda dünýä indi.
Atasy - Wirgilio Dias Guterreş (1913-2009)
Enesi Ilda Kandida de Oliweýra (1923-nji ýylda doglan)
Asly gelip çykyşy Funda şäherinden (Kastelo Branko etraby).
Ýan ýoldaşynyň ady: Katarina Marches de Almeida Was Pinto
Syýasy partyýasy: Portugaliýayň Sosialistik partiýasy.
Bilim alan ýeri: Ýokary Tehnika Instituty (Insituty 1971-nji ýylda tamamlan.)
Dini: Katolik.
Websaýty: antonioguterres.gov.pt (Saýtynyň içi Iňlis dilinde )
Iş ýeri Lissabonyň Tehnologiýa Uniwersiteti. (Häzirki iş ýeri Birleşen milletler guramasynyň baş ştaby. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäheri)

Jenap Antonio Guttereş abraýly Kamoýnş mekdebinde okandyr. Ol 1965-nji ýylda Portugaliýanyň iň gowy okuwçysy diýlip ykrar edildi we Milli liseý baýragyny aldy (Premio Nacional dos Liceus). Soňra ýokary Tehnika Institutyna okuwa girdi we şol ýerde fizika we elektronikanyň injinerçiligini öwrendi. Talyplyk döwründe käbir ýaş katolik hereketleri bilen aragatnaşyk etdi. 1971-nji ýylda instituty gutarandan soň, telekommunikasiýa ulgamlarynyň nazaryýetini öwretmek bilen mugallym bolup işledi.

Sosialistik partiýadaky karýerasy

1974-nji ýylda syýasata goşulmak kararyna geldi we Portugaliýanyň Sosialistik partiýasyna girdi. Şol ýylda Portugaliýanyň premýer ministry Marsel Kaetanyň ýurtda ornadan sagçy (sag ganatdaky) diktaturasynyň agdarylmagy bilen taryhda orun alan Karnasiýa rewolýusiýasyndan soň mugallymçylygy taşlap, özüni bütinleý syýasy işjeňlige bagyşlady. 1976-1992-nji ýyllarda Guterreş Portugaliýanyň mejlisinde Kastelo Branko etrabynyň wekili boldy. Ýurduň Ýewropa Bileleşigine girmegi barada gepleşikler geçirýän toparynyň agzalarynyň biri hem bolupdy we 1991-nji ýylda Portugaliýanyň Bosgunlar Geňeşini esaslandyryjylaryň arasynda hem işledi.

1992-2002-nji ýyllarda jenap Guterreş Portugaliýanyň Sosialistik partiýasynyň baş sekretary boldy. Ol Parlament saýlawlarynda sosialistleriň yzly-yzyna üçünji gezek ýeňilmegi bilen bu wezipä saýlanylypdy. Partiýada agdyklyk eden Mario Suareş fraksiýasynyň (ýa-da Jorj Sampaillunyň) ýolbaşçylygyndaky çep ganata degişli bolmadyk täze oppozisiýa lideri bolany üçin, dünýewi gurşawda bolsa işjeň katolik bolany üçin partiýasynyň öňki däbini ýöretmeklikde arakesme etdi.

Portugaliýanyň premýer-ministri bolan döwründe alyp baran işleri.

 Onuň ýolbaşçylygyndaky partiýa 1995-nji ýyldaky parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy. We oňa prezident Suarez hökümet gurmagy tabşyrdy. Şeýlelik bilen  Guterreş 1995-2002-nji ýyllar aralygynda Portugaliýanyň hökümetine ýolbaşçylyk etdi. Premýer-ministrliginiň ilkinji ýyllarynda durnukly ykdysady ösüş sebäpli ýokary derejede meşhur boldy.  Şeýle-de bolsa, hökümetiň bilime çykdajylaryny köpeltmegi we kepillendirilen iň pes girdejini esasan ykdysady ugurda girizmegi wada berendigine garamazdan onuň hökümeti ýewro zonasynyň Maastriht kriteriýalaryna laýyk gelýän deňagramly býudjeti üpjün etmegi başarmady.  Şul sebäpli Portugaliýa ÝewropaGuramasyÝurtlarynyň arasynda ykdysady ösüşde pes derejeli sebit bolup galdy. Guterreşiň kabineti ozalky Anibal Kawaku Silwanyň hökümetinden has çalt depginde döwlet emlägini hususylaşdyrmagy amala aşyrdy: döwlet emläginiň paýy 1994-nji ýylda 11% -den bäş ýyl soň 5,5% -e çenli  (iki esse) azaldy. Bu bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine bolan ynamy berktdi. 
 1998-nji ýylda premýer-ministr Guterreş, Lissabonda Ýewropadan Hindistana çenli deňiz ýoly arkaly Vasko da Gamanyň açylmagynyň 500 ýyllygyna bagyşlanan Bütün dünýä sergisi bolan "Expo 98" sergisini geçirdi.  Şol ýyl iki sany ýagny biri aborta garşy kanunlary liberallaşdyrmak barada ikinjisi hem administratiw reforma meselesi barada referendumlar geçirildi.

Daşary syýasatda Guterreş,

 Guterreş Gündogar Timora BMG-nyň parahatçylygy goraýyş güýçleriniň girizilmegini işjeň goldady, bu 1999-njy ýylda Gündogar Timoryň öz ykbalyny kesgitlemek boýunça referenduma gatnaşmaga mümkinçilik berdi, bu bolsa Gündogar Timora Indoneziýanyň ony basyp almagyny bes etmegine we Garaşsyzlygyny gazanmaga mümkinçilik berdi.  Şol ýylda Portugaliýa Hytaýa özygtyýarlylygy  astynda duran Makaony (Aomyny) Hytaýyň eýeçiligine geçirmek baradaky 12 ýyllyk gepleşikleri tamamlady.

1999-njy ýyldaky parlament saýlawlarynda sosialistler we oppozisiýa güýçleri hersi 115 deputatlyk orun aldy;  Guterreş ikinji möhlete premýer-ministr wezipesine bellenildi we 2000-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa Geňeşine başlyklyk etdi.  2000-nji ýylyň oktýabr aýynda parlament tarapyndan goldanylýan neşe serişdeleriniň bikanun kanunlaşdyrylmagy we 2001-nji ýylyň mart aýynda bir jynsly kärdeşler arkalaşyklarynyň kanunlaşdyrylmagy ýaly birnäçe çärelerde onuň hökümeti tarapyndan uzak möhlete niýetlenilen ädimler ädildi.  Şeýle-de bolsa, ykdysady ösüşiň haýallamagy, içerki partiýa dawalary we Hinze-Ribeýro köprüsiniň katastrofiki çökmegi ýaly başagaýlyklar sosialistleriň meşhurlygyny sarsdyrdy.  2001-nji ýylda geçirilen ýerli saýlawlarda ýeňilenden soň, jenap Antonio Guterreş ýurduň "syýasy batga" batmagynyň öňüni almak üçin işinden aýryldy we Sosialistik partiýanyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ministrleriniň biri bolan Eduard Ferru Rodrigueşiň ýanyna geçdi.


Halkara guramalaryndaky karerasy

2005-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli 10 ýyllap Guterreş BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarýatynyň komissary bolup işledi.
 2016-njy ýylyň tomsunda BMG-nyň Baş sekretary wezipesine dalaşgär görkezildi.  2016-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Guterreş BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň ony bütün guramanyň Baş sekretary wezipesine saýlanylmagy üçin ses bermegi netijesinde ýeňiş gazandy.   BMG-nyň Baş Assambleýasy 2016-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Antoniýo Guterreşi Baş sekretar edip saýlady.  2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bolsa Baş sekretar wezipesine resmi taýdan işe girişdi.

Şahsy durmuş

1972-nji ýylda çaga psihiatry Luiza Amelia Guimaraes-i-Melu bilen durmuş gurdy (1946-1998; ol rak keselinden 1998-nji ýylda aradan çykdy).  Bu nikadan iki çaga galdy bular: Pedro Guimaraes-i-Melu Guterreş ( Ol1977-nji ýylda doglan) we Mariana Guimaraes-i-Melu de Oliveira Guterreş  (Ol 1985-nji ýylda doglan).

2001-nji ýylda  medeniýet ministriniň orunbasary (işlän ýyllary. 1995-1997) we döwlet sekretary (işlän ýyllary 1997-2000) Katarina Markis de Almeida Was Pinto (1960-njy ýylda doglan) bilen durmuş gurdy. Was Pinto hanymyň  Fransisko Pinto da Kosta Ramos atly oglyny ogullyga aldy (Ol 1998-nji ýylda doglan)
Jenap Baş sekretar Antonio Guterreş ene dili bolan portugal dilinden başga-da ispan, fransuz we iňlis dillerinde gürläp bilýär.

Sorag-jogap, yashalym tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir