Döräpdir ajap saýt,
At dakylan "Yeketäk"
Henizä adyganok,
Arşa çykar, dur entäk!

Mowzuklary paýlaşyň,
Saýlap, manylysyny!
Bimany mowzuklaryň,
Kötekläň barysyny!

Çünki hemme okaýar,
Hemmelere dynç gerek,
Bimany mowzuklary,
Paýlaşmak nämä gerek?

Hemmämiz sowat alan,
Kim köpüräk, kimler az,
Ýazjakmyňyz goşgyny,
Ýazan şekillisin ýaz!

Söz manysyn ýitirip,
Ýazýaňyz her dürli zat,
Aglaýar göz ýaş edip,
Okalmadyk edebýat.

(Ynha, menem siz ýaly,
Samrap otyryn häli,
Bikemal goşgy bilen,
Düşündirjek mysaly?!))

Her ýerde bolsagam biz,
Tertip-düzgün saklaly,
Arzylap, saýtymyzy,
Sarpalaly, haklaly!

Agzalary agzala,
Bolsa, admin gyýylýar,
Kimi banlap, kimsini,
Goýjagyny bilmeýär.

Göräýmäne adminde,
Dözmez häsýet bar ýaly,
Şonuň üçin agzalar!
Biz agzybir bolaly!

Goý, güllesin, bu saýt,
Gowy şertler dörediň!
Gyzykly zatlar bilen,
Saýtyňyzy ýörediň!

Hemmelere arzuwym,
Agzybirlik, abatlyk,
Gülüp-oýnaň, degişiň,
Bolsun müdimi şatlyk!

Awtor: https://yeketak.ru/@Badysaba

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir