Gözel peri gyzlara
Bolmaýan men ýaranjaň
Özlerä ýaramaýar
Maňa ýeke bakmana

Gyzlar göwnün almana
Etmeýärin hereket
Nähili bolsa şonýaly
Boluwersin muhabbet

Yzlaryndan gezmeýän
Söýdüm diýip bulanyp
Gerek bolsa özleri
Aýtsyn meýli uýalyp

Asyl söýgi diýen söz
Üç harpdan ybarat
Bir günde pozular
Näçe ýyllyk muhabbet

Birisiniň yzyndan
Iki-üç ýyl gezmeýän
Gyzlar bilen tanyşyp
Umuman hiç doýmaýan

Ýok biwepa diýmäňler
Ýüregi daşdan däl men
Söýgi diýen duýgulara
Men indiden ynanmaýan

Ozallary söýerdim
Perişdejik gyzy men
Başgasyny pikir etmän
Söýüp bilmedi meni

Şondan soň gynandym
Azaplandym kemsindim
Ahyran pikirlenmän
Ýaşamana öwrendim

Ine häzir bagytly men
Her gün täze tanyşlyk
Daşymda aýlanýar
Gyzlar topary, uu, uu

Kynlyk bilen gutuldum
Gamhana köçesinden
Şondan soň baryp gallym
Guwançly, şatlyk köçä

Ine ýaşap ýörün men
Söýgüsüz hem dünýede
Günlerim geçýär inni
Azapda däl, rahatda

Bir gün söýerin ony
Ertesine başgasyny
Emma ýeke mesele ba
Häzirem söýýäler meni

Eh gözel periler
Ähliňizi söýýärin
Emma ýöne bir güni
Söýmeýäne ýar bolan

Şular ýaly daşlaşdym
Söýenimden uzaklap
Näme meni söýmedi
Şu sowalda soraglar???

Awtor: Pälwan Akmyradow

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir