Gadymdan galypdyr şeýle rowaýat,
Bolupdyr bir ýigit,ady hem Baýat.
Ýetişip eline ýarag alypdyr,
Ýow gelse gaýgyrman gylyç salypdyr.

Onuň Gülşen atly ýary bolupdyr,
Ýigitler şol gyzyň zary bolupdyr.
Ýurtda bolmanmyşyn onuň dek peri,
Görki-görmeginde ýokmuşun kemi.

Gyz ýigide,ýigit hem ol perizada,
Toý etmeklik hakda beripdir wada.
Sawçular gelipdir saçagyn jemläp,
Il-günem olaryň edenin goldap.

Toý güni başlapdy uly obada,
Şol wagt çapar gelen goňşy obadan.
"Obamyza duşman ordasy çozdy,
Çapdy,ýesir aldy,öýümiz tozdy.

Ýaşulular kömek sorap ugratdy",
Diýip gelen çapar habaryn berdi.
Ýigit:"Toýum soňa galsyn"diýenmiş,
Ýarag şaýyn tutup,sowut geýenmiş.

Ýigitleri toplap kömege giden,
Duşmanlaň ençesin urup dagadan.
Emma duşman ýygny agdyk gelipdir,
Kement alyp ýigdi ýesir alypdyr.

Şeýdip Baýat ýowa ýesir düşüpdir,
Gol aýagyn daňyp ýurtdan aşypdyr.
Gülşen aglap galan,ýüregi para,
Ýüzüne düşüpdir bir erbet ýara.

Gül ýüzüne garar ýaly bolmandyr,
Bir ýigidem oňa nazar salmandyr.
Aý-ýyl geçip Baýat gaýdyp gelipdir,
Gyzyň halyn eşidip gamgyn bolupdyr.
Ýigidiň gözleri şol gün kör bolan.

Şondan soň toý edip Gülşeni alan,
Ýigit mydan ýüzüne nikap çekipdir.
Bilmändir gelniniň ýüzüne bakyp,
Ýüzüne nikap çekip baglapdyr gözi.

Aňynda bolupdyr gyzyň gül ýüzi,
Bolsada Gülşeniň ýüzi betnyşan.
Peri bolup ýigdiň kalbynda ýaşan,
Ýigit bir gezegem gyzy görmändir.

Owadan ýaryna yşky sönmändir,
Ol ýigit ýalandan bagtly bolupdyr.
Wepalylyk üçin gyzy alypdyr,
Şonda-da är-aýal bagtly ýaşan.

Kän ýyl ýaşap baka gidenmiş Gülşen,
Il-halk ýygnanşyp jaýlapdyr gyzy.
Şol gün açylypdyr Baýadyň gözi,
Şahyr diýer bu gepden çykaryň many!

Edebiýat, aynura tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir