Söýdüm diýen sözüňi sakla,
Maňa garaşan gözüňi sakla,
Seni tapyp, ýanyňa bararyn,
Men üçin hem, özüňi sakla.

Sakla, dildäki dessan söýgiňi,
Sakla, maňa göwün söýgi hatyňy,
Maňa diýip ähli ýazan sözleriňi,
Men üçin hem, özüňi sakla.

Gözüňden atylsa müň damja ýaş,
Seni has köp, aglatsa durumuş,
Sabyr et, tapmasaň ýekeje umyt,
Men üçin hem, özüňi sakla.

Synlap bir gezek, wadalar güýjün,
Dilimden ölmäýin ýalňyşlar üçin,
Ortada arassa söýgimiz üçin,
Men üçin hem, özüňi sakla.

Uzyn ýyllar kitabyny ýapmadym,
Bir gün aglap yzlaryňy öpmedim,
Bir gün seni, barbir taparyn,
Men üçin hem, özüňi sakla.

Ýürege aralaşmasyn aýralyk gaýgy,
Durmuşuma salmagyn hasrat,
Senden ýekeje haýyştym şul,
Men üçin hem, özüňi sakla.

Doldur janym, kalbyňy nurdan,
Gözel bolsun gijleriň gün, günden,
Söýseň eger Päliwany çyndan,
Men üçin hem, özüňi sakla.

Awtor: Pälwan Akmyradow

Çeşme: https://yeketak.ru

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir