Isle, meýli her gün seni diýeýin,
Elleriňe gyzyl bägül bereýin.
Meýli sen diýip, ganlar içeýin,
Ýeke meni, söýseň boldy ezizim!

Imo et, seň üçin döweýin dagy,
Ýüzüňe düşürerin ne çaňy, ne dagy,
Seniň adyň berip guraryn bir bagy,
Ýeke meni, söýseň boldy ezizim!

Dünýä aladasyndan edeýin azat,
Mähirim, Mähir bilen saçlaryň darap,
Seni ýeketägim, bagtym diýip bilerin,
Ýeke meni, söýseň boldy ezizim!

Ýol bermerin, gözüňden akmaz damja ýaş,
Kimse atybilmez ne kine, ne daş.
Her gün ýanyňda bolup, göz we gaş,
Ýeke meni, söýseň boldy ezizim!

Awtor: Pälwan Akmyradow

Çeşme: https://yeketak.ru

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir