SEO näme?
SEO - Search Engine Optimization, türkmençe Gözleg Motorynyň Optimizasiýasy.
Hemmä mälim bolşy ýaly Google kompaniýasy 2012-nji ýyldan bäri, Gözleg motorynda gözlenilýän sözi görkezmän, şol gözlenilýän sözüň Page Rank- ýagny sahypanyň derejesine görä çykaryljagyny mälim etdi. Häzirki döwürde Page Rank-y ähli gözleg motorlary diýen ýaly ulanýarlar.
Page Rank - bu sahypanyň derejesidir. Meselem biz Google gözleg motoryndan islendik bir söz gözledenimizde Google bize ilkinjilerden bolup Page Rank-y ýokary bolan websaýtlar sanawyny çykaryp berýär.
Gözleg motorlary adatça özleriniň Bot-laryny(jansyz işçilerini) websaýtlara gönükdirýär. Haýsy saýtyň Page Rank-y ýokary bolsa, şol saýtlara gözleg motorynyň Bot-lary tiz wagt-da gelip ähli saýta girijilere mälim bolan sahyplar barada maglumatlary alyp gitýär we ony gözleg motorynyň bazasyna ýerleşdirýär.

Nädip saýtyň SEO-ny ösdürmeli?
SEO ösdürmegiň bir näçe ýollary bar, aşakda olar barada maglumat alyp bilersiňiz.
1. SEO-sy ösen websaýtlarda saýty reklama etmek arkaly(ssylka görnüşde).
2. Google Webmaster serwisinden peýdalanyp.
3. HTML kodlardan peýdalanyp.

Unutmaň Google we başga gözleg motorlary diňe diňe iň gowy ýazylan websahyplary başga websahyplardan üstün bilýär.

SEO barada doly maglumatlaryň Rusça görnüşini Wikipediýadan tapyp bilersiňiz.



Mowzuk gysgaça şundan ybarat, düşünmedik ýerlerňizi teswirlerde ýazyp bilersiňiz!

Awtor: Pälwan Akmyradow

Bilim, ZET-PRO2003 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir