salam, ýene men, öz hasabymy saýta registrasiýa bolup bilmeýän birine berjek bolup girdim welin meni database-dan pozupdyrlar öýtän. üstüne @pankurist agzaň ýazan blogyny gördüm menem bir zatlar diýesim gelip gitdi gelen teswirlerden ýaňa.

ilki bilenä hiç kim hiç kime bir zat subut etmäge borçly däl eder ýaly hem saýtda olar ýaly phd derejeli adam ýok. her kim özüçe gyzyklanýa, menem gyzyklanýan açýan okaýan. biderek bir biriňiziň üstüne "sen taňra ynanýaň, sen samsyk" ýa-da "sen ateist bir bok bileňok" diýip bir-biriňize lak atmak gerekdäl. derejeli şekilde çeşme görkezip öz tapan zatlarymyzy kritika edeli.

sen kim bolýaňda akyl satan bolýaň?
men, sen tapawudy ýok älem jahanda gumyň ýekeje dänesi ýaly görünmeýän siwilizasiýa biz. türkmenler bolup iq-myz 87 aşagynda (çeşme 1) dogulyşdan bir zatlary öwrenmäge tijenmeli welin biziň milletde az olar ýaly adamlar.

sen näme zada ynanýaň?
menem ateist ýöne göterim bilen görkezsem 99.9% ateist, 0.01% elmydama hemme zada şans berýän. meniň üçin dinler gadymy döwürlerde adamlary belli bir kanunlara görä ýöretmek üçin döredilen zat. bir kitap bardy "ittirdi bahçe" (türkçe adyny bilýän diňe) şu kitapda üýtgeşik şekilde musulman topluma jynsy postionlary görkezýäler, ýazýalar. üýtgeşik kitap okap görüň men gülmekten ýaňa kitaby ýarsynda goýdum.

hany maňa subut etda taňrynyň ýokdygyna?
ylmy dünýäde bir pikir/ideýa tä teoriýa öwrülýänçä şol zat ýok diýlip hasap edilýär. dinler hem şular ýaly pikir/düşüniş bolup galýa. menem size taňrynyň barlygyny subut et diýsem sizem edip bilmeýäňiz. bu dogru zatlar, ynanýansyň bir dine 100% hormatym bar diniňe. diniň seniň bilen taňrynyň arasyndaky zat meni hiç hili gozgamaýa. türkmenler esasan hem musulman dinli ýurtlaryň ýeke meselesi bar, olam dini kitaplaryny doly derejede düşünenoklar. dil öwrenip ýörenler bilýändir her bir dilde bir sözüň birnäçe manysy bolýa. arapçada sözleriň manylary köp we dini adamlaryň dil bilgisine görä her kimiň okap ýazan teswirleri başga başga bolýar.

hany onda bilim-e ynanýan bolsaň, bilim näme üçin özüni her geçen gün ýalanlaýa?
ekonomikanyň üýtgeýşi ýaly bilim hem günde üýtgäp durýa. aradan menem habarlary okamaga synanşýan welin gaty kän zatlar bolup geçýä. bularam gowy zat Type I siwilizasiýa öwrülmäge azrak galdy diýsegem bolýa.

öleňden soň näme bolýa aýtda töňňe?
meniň düşünjäm, adam ölenden soň garaňkylyga tarap gidýäs belki galaktikanyň bir burçuna. belki gara deşigiň içine. ýekeje zady özümde duýýan, ölen adam nirde ölen bolsa şol adamyň energiýasy şol ýerde galýa. dini kitaplarda bulara ruh diýäler welin bilimde energiýa diýilýä. biderek bir-birimize robert monroe ruh çykardy zat diýmek gerek däl. ol adamyň yzynda galdyryp giden ikisany zady bar biri "Interstate Industries Inc" girdeýji kompaniýasy, ikinjisi hem "monroe institute" girdeji üçin açylan däl diýip ýazygly welin saýdyna gireniňizde ähli kurslaryň satylykdygyny göreris. ol adamyň ylmy işleri bar welin hiç bir mainstream journals (populýar žurnallar) tarapyndan çap edilmändir. iki sany ýere çykypdyr biri "wall street journal" bulam amerikanyň iň uly ekonomika žurnaly (birža zatlar), ikinjisi "Journal of Scientific Exploration" kän bilinmeýän (ynamly däl diýmek) çap edilipdir (çeşme 2).

robert monroe hakynda bir bok bileňok ilki kitabyny oka soň maňa näme öwrendiň aýt?
kitaplarany okamadym welin wikipediadan edinen maglumatlaryma görä eden uly işleriniň biri "hemi-sync" atly beýnä belli bir ýygylykda adamlaryň beýnine CD disdäki sesleri diňledip adamlaryň ruhuny çykarýan diýip orta bir zat atypdyr. üstüne CIA (Central Intelligence Agency (amerikanyň içeri işler işleri minstrligi)) barypdyr birnäçe interviewlar edilipdir welin kän bir zat çykmandyr. aslynda robert monroe edýän işi belli bir ýygylykda sesleriň tolkunlaryny iberip beýindäki neuronlary kontrol etmek isläpdir. bu mümkin zat Neurolink-iň (elon muskyň kompaniýalarynyň biri) etýän zatlarynyň meňzeşrägi. ýagny gysgaça aýtsam beýin 100% dolylygyna çözülen zat däl, robert daýynyň eden zatlary gowy zat welin ruh çykarýan diýeni üçin hem bilim tarapdan kän elinde delil bolmansoň bilimdäkileriň sikinde (sorry) bolmandyr. eden işleri häzirki döwrüde üstünde işlenilýän iň uly bir bilim şahasy. neuroscince diýen bölümler açylyp başlady dünýäniň iň gowy uniwersitetlerinde (çeşme 3).

ahyr zaman haçan onnoň?
ahyr zaman gökden bir jisimiň dünýä gonmagy bilen, belki ýurtlaryň arasynda atom uruşy ýa-da ondan beteri robot uruşlar bolsa öz özümizi öldürübem bilýäs. robotlar barada "we need talk about AI" şul dokumental filmi görmegiňizi maslahat berýän. ýaňy ýakynda bolan "Open AI GPT-3" barada gözleg etmegiňizi isleýän. iň bärkisi milky way we andromeda galaksi 4 milliard ýyl soňra bir birine çakyşar/birleşer. munda bize bir zat bolma ähtimallygy gaty ýokary (çeşme 4). ýa-da iň ýakynda boljak zat milky way-yň ortasynda gara deşige tarap sorulyp barýas bulam 800 million ýyl diýip çaklaýalar welin bir zady ýatdan çykarmaly däl ýerdäki wagt bilen älemdäki wagt düşünjesi bir däl muny uzaklyk ölçegleri üçin hem degişli. aňardaky bir zat tizlenip başlasa bizem tizden içine tarap çekilýäs. (çeşme 5).

munça zat ýazdyň maňa agyr geldi jahyldygymy bildim. nädip bilýäň munça zady?
aňsatjak google-a öwrenjek zadyňy ýazýaň biräçe ýerden okap deňeşdirip başlaýaň eliňdäki zatlar bilen.

çeşmeler:
1) https://worldpopulationreview.com/country-rankings/average-iq-by-country
2) https://en.wikipedia.org/wiki/Robert_Monroe#References
3) https://en.wikipedia.org/wiki/Robert_Monroe#First_out-of-body_experiences
4) https://www.businessinsider.com/nasa-images-milky-way-andromeda-galaxy-collide-2019-11
5) https://www.nationalgeographic.com/science/2020/06/mysterious-cosmic-object-swallowed-by-black-hole-baffles-astronomers/

Sorag-jogap, yashalym tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir