Men seni söýýärin, gunça lebiňi
Öpemde titreýän, çygyň mysaly
Men seni söýýärin, gijäň ýarynda
Ýalpyldap ýanýan, şemiň mysaly

Men seni söýýärin, gaty gujaklap
Jarlykdan asylan, bir gaýa ýaly
Men seni söýýärin, özümden gorkup
Arkaňda gizlenýän, bir saýa ýaly

Men seni söýýärin hemmeden artyk
Söýmegimi talap etmegin gülüm
Men artyk söýgi bermerin saňa
Mundan artyk söýgi, bolýandyr ölüm...

Awtor: Pälwan Akmyradow

Täzelikler, ZET-PRO2003 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir