Men ölsem çukurrak gazyň gabrymy
Başyma daş ediň çydamly sabrymy.
Ýöne topragyma goşmaň jebrimi.
Haýyşt gabrymda, ýataýyn kemsiz.

Men ölsem götermäň goh-galmagal.
Bilýärin gözüňizde ýaş, diliňizde şat.
Razymen unuduň ýylda etmäň ýat.
Haýyşt gabrymda, töhmesiz ýataýyn.

Men ölsem galar, bentlerim garawsuz.
Bir galan aglasyn bererin bentlerim.
We siz oýnamaň ruhumdan girew.
Haýyşt gabrymda, ýataýyn kemsiz.

Men ölsem bir bagytly galar bagytsyz.
Belki adym tutar biwepa sözli.
Bagytsyz diýip kemsitmäň. ýüregim yz yz.
Haýyşt gabrymda, gybatsyz ýataýyn.

Men ölsem gutarmaz dünýä gybaty.
Adamlar galar azaby gat-gat.
Sizler gowy gynanmaň dostlarym.
Haýyşt gabrymda, ýataýyn kemsiz.

Men ölsem ejemiň barmy çydamy.
Ol jansyz ýaşar men dilde zary.
Ejeme serediň bolmasa haly.
Haýyşt gabrymda, ýataýyn kemsiz.

Men ölsem diýer şemallar.
Derýa aglap ýoklugum aýdardy Aýa.
Aý biler biwepa bir gün dolanar.
Biwepa gaýtsada, gabrymda kemsiz ýataýyn.

Awtor: Pälwan Akmyradow
Başlangyç döredijilik işim, teswirlerde öz pikirleriňizi ýazmagy unutmaň.

Edebiýat, ZET-PRO2003 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir