ABS-nyñ aerokosmos edarasy NASA-nyñ "Perseverance" roboty bilen bir hatarda, kiçi gowrumli dikuçar hem Marsa iberildi. Kosmos enjamy yene-de yedi aydan, yagny 2021-nji yylyñ fewralynda 480 million kilometrlik yoly geçip, barmaly menziline yeter. Marsyñ Jezero atly depesine gonduruljak alty tigirli robot ozbasdak hereket edip bilyar. Yerden dolandyryljak enjam sensorlar, 23 sany kamera, iki sany mikrofon we toprakdan nusgalyk almak uçin durli abzallar bilen enjamlasdyryldy. Robotdaky MOXIE atly synag maksatly enjam bolsa, komurtursy gazyny kisloroda owurmek uçin ulanylar. 10 yyllap dowam etjek maksatnamanyñ çaklerinde 2031-nji yylda Gyzyl planetadan Yere toprak nusgalyklarynyñ getirilmegi meyillesdirilyar. Enjamyñ yany bilen iberiljek dikuçar das toweregi surata almakda peydalanylar. Alty tigirli robotyñ dasky sekili 2011-nji yylda uçurulan we hazirki wagtda isjeñ peydalanylyan "Curiosity" enjamyna meñzeyar, "Curiosity" hazire çenli Gyzyl planeta 23 kilometre golay yol geçdi.

Çesme: metbugat.gov.tm

Täzelikler, yashalym tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir