Sen-à ulygyzdyñ zùlpleri towly,
Menem bir masgalañ kôrpeje ogly.
Men-à "Sôyyàn" diyip sayran bolardym,
Senem monça bolup aynan bolardyñ.

Hemise gizlenip gôz bilen dilden,
Bileje yôràrdik gumaksy yoldan.
Ir sàherden baryp atyzly pele,
Ak pagta yygardyk ikimiz bile.

Kôp sorag bererdim, sebàp ulydyñ,
Gùl ùlkamde gôzelleriñ gùlùdiñ.
Degisip diyrdiñ "Basym yigit bolarsyñ,
Ôylenmekçi bolsañ, meni alarmyñ?".

Kyndy bu sowalyñ jogap tapardan,
Oylanyanym gôrup gôzùñ gyrpardyñ.
Kôp pikir ederdim bolup haly teñ,
Diyerdiñ: "Jogap berd-à sowalyma meñ!".

Jady gôzleñ ashygy men ashygy,
Yône neyley çapraz gelen yashymy?
Tayyn baky ôwrùlmàge guluña,
Arman, làlàm, yashyñ menden uly-da!

Dowamy bar.

Edebiýat, yashalym tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir