Yurek bilen gorup, yurekden sozlap,
Ony hem yuregiñ içine gizlap.

Yerlikli nàz etse, nàzini çekip,
Goya "Toy mekana" donup dushushyk.

Çyn niyetler, çyn rejeler duzulip,
Durmusha geçjegi barha syzylyp.

Diñe çyn duygular bagta tarap yol,
Ynamsyz arzuwlañ netijesi nol.

Duydurman gabanyp, duyduryp soyup,
Soyyaniñi diñe gulagna diyip.

Sowgat, serpay bilen aydylmaz soygi,
Pulsuz guni tashlap gaydylmaz soygi.

Yuregiñ sazyndan bogsañ bir çemen,
Soyguñe iñ uly sowgatdyr, meger.

Geljekki çagalañ ejesi deyin,
Soyuñ gyzlarmyzy, çynlakay soyuñ!

Soygiñ uçin gursañ mynasyp goresh,
Ol soyguden synmaz bagtyña garash.

Kerim HALLYYEW

Edebiýat, yashalym tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir