Soygi hatlaryny yyrtmañ gazapdan,
Oda berip, kùl eylemàñ bir demde.
Oña yùrek yhlasyny geçirip,
Size bagyshlandyr bir ashyk bende.

Nàtsin ahyr gowni sizde eglense,
Gownùñ rayyn yykmak asanmy beri.
Ol jùmleler zorluk bilen dorànok,
Her harpy, her sozi yùregiñ emri.

Hormatlañ ashygyñ, iñ bolmanynda,
Shol haty yazanda dùshen halyny.
Ylhamdan pùrepùr yùrejiginiñ,
Sapdan-sap, pàkden-pàk duygularyny.

Asmana, Zemine sygmayan yùrek,
Gelip-gelip yyly jùmlà sygyp dur.
Ol sozlerde içgin-içgin baksañyz,
Bir bolejik tàmiz yùrek urup dur.

Iñ pynhan syr ak kagyza dozùlyàr,
Iñ kerem soz ynanylyar galama.
Ak kagyza siñen yùrek syrlaryn,
Gôre-bile "soñky yola" yollamañ!

$atlyk HUDAYNAZAROW

Edebiýat, yashalym tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir