Söýgi we aýralyk. Günlerde bir gün söýgi bilen aýralyk bir ýaş maşgalanyň öýünde gürleşip oturan ekenler

Şonda aýralyk söýgä garap:
- Jedel edelimi, men şolary aýrylyşdyraryn – diýipdir, söýgi bolsa:
- Dur intäk, sen barmankaň men olaryň ýanyna baryp bir ýüreklerini diňläp gaýdaýyn, soňundan sen näçe isleseň baryber. Göreli onsaň, sen şolary aýryp bilermiň? – diýip jogap beripdir. Aýralyk razylaşypdyr.
Şeýle diýip söýgi olaryň ýanyna baryp, ýüreklerini diňläpdir, gözlerine seredipdir, mähirlilik bilen ýyly demini beripdir. Soňundan bolsa olaryň arasynda bolup geçýän arassa päk duýga begenç bilen syn edipdir. Soňundan söýgi gyra çekilip aýralyga gezek beripdir. Ol bolsa:
- Ýok,bu wagt men hiç zat edip bilmerin. Çünki olaryň ýürekleri söýgiden doly. Gowusy men soňrak geleýin – diýipdir.
Wagt geçipdir. Aýralyk ýene şol maşgalanyň öýüne gelipdir. Öýde ejesiniň we kakasynyň elinde çagajygyň oýnap oturandygyny görüpdir. Ol maşgalanyň bosagasyndan indi aýrylyşdyraryn, söýgi gutarandyr umyt bilen ätläpdir. Ýöne bu gezek hem ýalňyşanyny görüpdir. Çünki iki ýüregiň bir-birine bolan mähirli gatnaşygy, minnetdarlygy esasynda bularyň ýüregini aýra salyp biljek däldigine göz ýetiripdir, içinden hem soň aýlanaryn diýen pikir bilen gidipdir. Ýene birnäçe wagt geçipdir. Aýralyk täzeden gelipdir. Görse hiç zat üýtgemändir. Öňki söýgi we mähirli gatnaşygyň üstüne ýene sylag-hormat hem goşulypdyr. Niýeti başa barmadyk aýralyk soň gelerin diýip ýene yzyna gidipdir. Wagt geçipdir. Aýralyk indi öňküdenem beter umyt bilen gelipdir. Çünki onuň pikiriçe söýgi bu ýaşdan soň asla galmaly däldi. Seretse, saçyna çal giren kakasy ullakan bolan çagalaryna bir zatlar düşündirip otyr, ejesi bolsa aşhanada bir zatlar bişirýär eken. Olaryň gözlerinde çagalaryna bolan söýgi we ynam bardy. Aýralyk ýene gidýär we birsalymdan dolanýar. Öýde agtyklar ylgap oýnaýardylar. Pejiň gapdalynda bolsa garryja aýaly pikire batyp otyran eken. Aýralyk şonda “ine meniň wagtym geldi” diýip, begenip aýala seredipdir, görse ýaňky garry aýal bir ýerlere çykyp gidip barýar. Aýralygam onuň yzyna düşüp gidipdir. Garry öz adamsynyň mazaryna gelip, ol ýeri arassalap, gül goýupdyr. Şonda aýralyk “Görýän welin men gijä galypdyryn. Wagt meniň işimi eýýäm maňa derek edipdir” diýip pikir edipdir. Şol wagt hem aýralyk garrynyň çöken gözlerine seretse, öz adamsyna, çagalaryna bolan baky söýgini, minnetdarlygy, sylag-hormady, ynamy görüpdir.

Bagt ysy ustunizden gitmesin.
Gam cekmeklik size nesip etmesin.
Allahymdan yekeje arzuwym,
Ayralygyn goly bize yetmesin.

Täzelikler, yashalym tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir