Bilmediñmi señ mähriñe zardygymy,
Sensizlikde şat bolmady gül ýüzüm,
Wah bilsediñ ýesirligiñ kyndygyny,
Ýetmedi dünýäde ýekeje sözüm.

Har boldum, zar boldum men şol söze,
Çagalykdan hasrat çekdim şol dertden,
Beýle ykbaly senem islänem dälsiñ,
Ýöne bu kanun höküm edilýä belentden.

Senem mana guwanyp ýaşasyñ gelendir,
Bar wagtyñ köp bagyña basansyñ meni,
Aradan uzak-uzak ýyllar geçip gitsede,
Henizem küýseýän men kakajan seni.



Döwran Hapesow

Täzelikler, yashalym tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir