Salam Hormatly talyplar.com agzalary.
Gowy setirler eken. B.R gazedinden çöpleşdirdim. Sizde-de bar bolsa paýlaşsañyz!.
@Allaberdi



Syýahat aklyñy ösdürÿär, elbetde ol bar bolsa.

☞ Gilbert Kit Çesterton

♬ ♪ ♩♭♪

Bir adamyñ özüñe ýaraýanyny ýa-da ýaramaýanyny bilmegiñ iñ gowy ýoly - onuñ bilen syýahata gitmek.

☞ Mark Twen

♬ ♪ ♩♭♪

Adamy üç zat bagtly edýär: söýgi, halaýan işi we syýahat etmek mümkinçiligi.

☞ Iwan Bunin

♬ ♪ ♩♭♪

Käte başga ýerde geçirilen bir gün, öýde oturylan on ýyldan has haýyrly bolÿar.

☞ Anatol Frans

♬ ♪ ♩♭♪

Wepalylykda ýakymly lezzet bar. Belki, ol iñ ýakymly zatdyr. Hatda seniñ wepalydygyñy bilmeseler-de, bu şeýledir.

☞ A. Solženisyn

♬ ♪ ♩♭♪

Özüñe ynam gazanmagyñ ýekeje ýoly, şowsuzlyga mümkinçilik döretmejek derejede bir zada gowy taýarlanmakdyr.

☞ Lokwud Torp

♬ ♪ ♩♭♪

Hiç adam babatda ol öz-özüni beýgeltdi diýip bolmaz. Biziñ aýaga galmagymyza, müñlerçe adamyñ täsiri bar.

☞ Jorj Berton Adame

♬ ♪ ♩♭♪

Şu gün beýlekileriñ kyn görýän işini et - ertir olaryñ arzuw etjek durmuşyndan lezzet alarsyñ.

☞ Jaret Leto

♬ ♪ ♩♭♪

Baýlyga eltýän ýolyñ başlangyç nokady islegdir.

☞ Napoleon Hill

♬ ♪ ♩♭♪

Adam gam-gussa batyp, müzzerip ýörmek üçin däl-de, beýik hem ajaýyp işleri bitirmek üçin ýaradylan.

☞ Leon Alberti

♬ ♪ ♩♭♪





[«B R» g

[♔ Aýgytlylyk kesgir pyçak ýalydyr. Bir gezekde tep-tekiz keser. Ikigöwünlilik bolsa kütek pyçak ýaly, kesen zadyny parçalap, zeper ýetirer.

☞ Jon Mak-Keiten

| ♔ ♚ ♕ ♛ ♗ ♝ ♘ ♞ ♖ ♜|

♚ Zehinli hem zähmeti söýýän adam üçin geçip bolmaýan böwet ýok.

☞ Lýudwig wan Bethowen

| ♚ ♛ ♝ ♞ ♜  ♔ ♕ ♗ ♘ ♖|

♕ Eger siz özüñizde ozal ýok zady edinmek isleseñiz, onda ozal etmedik işiñizi edip başlañ.

☞ Riçard Bah Dewis

| ♔ ♚ ♕ ♛ ♗ ♝ ♘ ♞ ♖ ♜|

♛ Nähilidigine garamazdan hemmezat gowy.

☞ Oşo

| ♚ ♛ ♝ ♞ ♜  ♔ ♕ ♗ ♘ ♖|

♗ Terbiýe - beýik iş, onuñ bilen adam ykbaly çözülýär.

☞ Wissarion Beliniskiý

| ♔ ♚ ♕ ♛ ♗ ♝ ♘ ♞ ♖ ♜|

♝ Dilleriñ içinde iñ kyny köpçüligiñ dilini öwrenmekdir.

☞ Aleksand Kumor

| ♚ ♛ ♝ ♞ ♜  ♔ ♕ ♗ ♘ ♖|

♘ Siziñ syýahatyñyzyñ manysy - kartadaky ýerlere aýlanmak däl-de, durmuşa täzeçe garaýyş bolmaly.

☞ Genri Miller

| ♔ ♚ ♕ ♛ ♗ ♝ ♘ ♞ ♖ ♜|

♞ Durmuşda adam gatnaşyklarynyñ şatlygyndan beýik şatlyk ýokdyr.

☞ Antuan de Sent-Eksýuperi

| ♚ ♛ ♝ ♞ ♜  ♔ ♕ ♗ ♘ ♖|

♖ Iñ gowy býujetli syýahat - kitaba syýahat etmek.

☞ Nadeýa Ýasminska

| ♔ ♚ ♕ ♛ ♗ ♝ ♘ ♞ ♖ ♜|

♜ Eger biri syýahatdan soñ özüni ýene öñküsi ýaly duýýan bolsa, ol syýahat gowy bolan däldir.

☞ Ernst Bloh

| ♚ ♛ ♝ ♞ ♜  ♔ ♕ ♗ ♘ ♖|
«B R»g

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir