«Düýe gyrda bolsa-da, Gözi şorda bolar»

«Ýüküm duz bolsyn, Ýolum ýanow bolsyn» diýilýändirem. Şu ýerde düýäniñ şory gowy görýändigi aydyljak bolýar. İndi senin sowyña geçeli. Gyr bolanda dagam, çölem, topragam däl. Şonuñ ùçinem gyryñ ösümlikleri ýuwandyr. Emma gumuñ köwreýigi, bozanagy, sylasy, borjagy, sòzeni güýçli, şor bolÿar. Ana, onsoñ düýäniñ esasy hòregem şeýle güÿçli çöpler. «Gözi şorda bolar» diýilýäniniñ dùÿp sebäbi şondadyr.

| ♚ ♛ ♝ ♞ ♜  ♔ ♕ ♗ ♘ ♖  |

«At aýlygyny gorar, Düýe ýyllygyny».

Atlar bir aýlabam, ýyl boýy hem seýislenýär. Aty näçe uzaklykdan çapjak bolsañ şoña wediş etdirýäñ. Seýsi ýeten bedew at şol seýsi saklaýar. «At aÿgyny gorar» diýilýäni şunda. «Düýe ýyllygyny gorar» diýilýänem, düÿe köşeni on iki aýlap göterýär. Ýene bir zat bar. On iki aý bolup, düýe botlasa, onda inen bolar. Emma köşegini on üç aý göterse, onda erkek bolar. «Añsadyna bakan gyz dograr» diýilýän gürrüñem şondan gaýdan bolmaly.

| ♚ ♛ ♝ ♞ ♜  ♔ ♕ ♗ ♘ ♖ |

Sähetmyrat KAKYŞOW

«N»g

Sorag-jogap, Jupiter_Fire tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir