NÄME BOLDY BİZE?

Ýurdumyzda günüñ gününe hökman bir pajygaly maşgala wakasy bolup geçýär.
Zorluk-süteme uçraýan aýal-gyzlar çäresiz we goragsyz ýagdaýda. Haýsydyr bir wagşy ärsumak gazaba atlanyp, ýüzlerçe aýal-gyzy ýaralaýar ýa-da öldürýär.
Ýetim kalan neresse çagalaryñ ahy-nalasy asmany tutdy.
Şu gün (25.11.2019) ýene habarlarda gördüm: Eskişehirde äri tarapyndan palta bilen ýüzi böleklenen aýal kyrk bäş gün ajal bilen dik gidişip, ahyrynda amanadyny tabşyrdy.
Aradan çykan aýalyñ kakasy perýat-pygan çekip durka, şeýle diýýär: “Bu ne gahar, bu ne gazap. Näme boldy bize?”
Hawa, bu soragy her kim özüne bermeli: Näme boldy bize?
Bu soragy özüne gönükdirip bilen her bir akly-huşy ýerindäki ildeşimiz hökümetden haraý gözlemeli däl.
“Men näme edip bilerkäm?” diýmeli.
Bu ýurt biziñki bolýan bolsa, bu jemgyýet biziñki bolýan bolsa, hem biziñ barymyz bir gämide barýan bolsak, bir-birimize gol-ganat germeli, ýardam etmeli.
Ýöne nähili?
Biziñ içinden çykan halkymyzyñ geçmişinde döwlet-millet bitewiligi diýen bir zat bardy. Bu bitewiliğiñ kilit daşlaryndan biri-de haýyr-sahawat fondlarydy. Adamlar bir-birinden habarlydy. Mätäçler barjamlylardan, barjamlylar mätäçlerden habarlydy.
Sosial nyzam diýseñ gowy ýola goýlupdy.
Barjamlylar mätäçleriñ hal-ahwalyndan bolup, olaryñ gerek-ýarak zatlaryny üpjün eder durarlardy.
Nädipmi?
Sadaka daşy bilen.
Gurply adamlar metjidiñ howlusynda goýlan sadaka daşyna (sandygyna) hiç kimiñ görmejek wagtynda pul we beýleki gerekli serişdeleri goýardylar. Mätäçler, pakyr-pukaralar bolsa ol ýerden gerekli mukdardaky gerek-ýaragyny alar durardylar. Şeýlelikde “beren”, “alany” görmezdi we “berenem", “alanam” Allanyñ razylygyny gazanardylar. Ynha, şeýdip bir bitewi millet bolmagyñ ruhy güýçlenerdi.
Sadaka daşy jemgyýeti bir-birine ýakynlaşdyrýan müñlerçe mysaldan biridi. Bular ýaly başga nijeme mysallary görkezse bolar. Şeýle bolansoñ milletiñ ulusynyñ-kiçisiniñ dilinde her daýym “Alla döwletimize zowal bermesin” diýen doga bolardy. Döwlet-de “kerim” döwletdi we her bir raýatyny  Allanyñ beren amanady hasaplardy. Halka hyzmaty Haka hyzmat etmek diýip düşünerdi.
Ýokarda agzalamlar milletimiziñ "Tanzimat" we "Yslahat" permanlaryndan öñki döwre degişlidir.
Soñra näme boldy?
Kän zatlar boldy, kän...
“Tehniki we önümçilik pudaklaryndaky kemçiliklerimizi düzedeliñ” diýip başlanan “yslahatlar” sosial ulgama ýiti täsirini ýetirdi. Günbatarlydan has beter “günbatarly” bolmaga başladyk.
Günbataryñ hemme “zadyny” öýkünme derekesinde (Üns ber: dereje däl. Manysyna düşünmek üçin sözlüğe seret) ýurdumyza aralaşdyrdyk. Günbatar jemgyýetleriniñ könelişip barýan ebeweýnleri bize  “darülajeze” bolup girdi. Soñky ýyllarda dilimize edilen kast edilmelerden soñ bu söz “huzurewi” (Garrylar öýi) şeklini aldy.
Islahatlar “täzeçillige” öwrüldi.
Elimizde-aýamyzda näme bar bolsa “täzeledik”.
“Täzeçillik” hemmeleriñ dilinde aýdyma öwrüldi ýüz ýyllap.
Häli-häzirem “täzeläp” ýörler.
Pajygaly maşgala wakalary şeýde-şeýde uç bermäge başlady.
Jigerbendi eli paltaly ärsumagynyñ elinde dogralan eskişehirli ata: “Näme boldy bize!” diýip perýat edýär.
Döwletiñ wekilçilikli organy hasaplanýan birtopar  “ygtyýarly” ýolbaşçysumak maşgala mukaddesliginiñ, watan söýgüsiniñ, yslam ahlagynyñ wagyz edilýän käbir haýyr-sahawat guramalaryna we fondlaryna degişli binalary ýykýarlar.
Gurban baýramyna sanlyja gün galanda, fond-guramalara degişli birnäçe mezbahanalary ("скотобойня", ýagny mal öldürilýän ýerler, gassaphanalar) pildir teşeli ýer bilen ýegsan edildi.
Gurban baýramyna sanlyja gün galanda, barça musulmanlar taýýarlyk görüp, ýüzlerçe musulman usulyna we gigiena kadalaryna laýyklykda gurbanlyk etmek üçin nobatyna garaşyp durka, “duýdandyz peýda bolan” kepjeler mezbahanany ýykyp-ýumrup taşlaýar.
“Duýdansyz” ýagdaýda terrorçylara garşy herekete geçmek gereklikä, asylly däp-dessurlarymyzy türk ýaşlarynyñ añyna guýýan ýerlerimize garşy amala aşyrylmagu nähili gynançly ýagdaý!
Bu adat yslama ters gelmeýän adatdyr. Her iýlip-içilip bolnandan soñ döwletiñ berkararlygy üçin doga-dileg edilen däpdir bu däp.
Jemgyýetde bolup geçýän maşgala pajygasy hemmämizi dilhun etmeýärmi?
Elbetde edýär.
Raýat hökmünde hemmeler elini daşyñ aşagyna goýmaly dälmi?
Elbetde goýmaly.
Emma aýdanyñ ýaly bolaýýamy näme.
Halkymyzdan teññeme-teññe toplanan haýyr-sahawatlar bäş-üç sany “ygtyýarly” ýolbaşçy tarapyndan ýer bilen ýegsan edilýär.
Hiç kim muña toslama esas-tutaryk gözlejek bolmasyn.
Çünki hemmelerem ýurdumyzda käbir haýyr-sahawat guramalaryna we fondlaryna garşy başlanan gysyşlaryñ düýp sebäbiniñ tehniki däl-de syýasy maksatlydygyny bilmän duranok.
Boýdan-başa “ar alma” hyjuwyna beslenip edilýän zat.
“Näme boldy bize?” diýen soragy her kes ilki özüne bermeli.
Mundan segsen ýyl öñ daýanç nokatlarymyza (din-dil we taryh) gyzgyn frontdan hüjüm edýärdiler, indi şoña garşy gorananlardan gelýär bu hüjüm.
Sizden sorasam gowy bolar. Haýsysy has howply?
Soraga üns beriñ: “ Haýsysy has howply?”
Ikisi-de howply, emma haýsysy has beter howply?
Bir gämide barýarys.
Dürli-dürli garaýyşlarymyz bolup biler, dürli syýasy pozisiýamyz bolup biler.
Biri-birimize sabyr-takatly bolmaga mejburdyrys.
Kimdir biri kimdir birini zor bilen wahhaby etjek bolmaly däl.
Kimse kimsäni zor bilen ateist ýa-da deist etjegem bolmaly däl.
Meniñ özüm-ä, adamlaryñ ehli-sünnet yslam ýoluna eýermeklerini arzuw edýärin, emma hiç kimi muña mejbur etmäge hakym ýok, bolubam bilmez.
Biziñ eždatlarymyz müñ ýyl bäri ehli-sünnet yslam düşünjesi bilen bu topraklarda agzybirligi we parahatçylygy üpjün etdiler.
Haýyş edýärin, halkyñ degnasyna degmäñ.
Hukugyñ üstünlügi bolmasa bolmaz.
Hukuk hemmelere lazym.
Döwletiñ barlygy we berkararlygy adalatdadyr.
Döwlet-millet bitewiligini sarsdyrmajak boluñ.

Ömer AKDAG.
 
26.11.2019 ý, "İstiklal" gazeti.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.

Çeşme: kitapcy.com

Edebiýat, wagt tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir