WIRUS DIÝDIÑIZMI?

Wagtymyzyñ aglabasyny öýde geçirýän bu döwrümizde köpümiz hezil edip kinofilmlere tomaşa edýäris.
Eger öñ görmedik bolsañyz size köneräk, ýöne içi durşuna yşarat dili bilen doly bir çeper kinofilmi görmegi maslahat berip bilerin: Dört ugur boýunça "Oskar" baýragyny alan “Matrisa“.
Ilki çykan wagtynda (1999) tomaşaçylaryñ köpüsi kinofilmiñ döwşükli epizodlaryndan we şol wagt üçin iñ täze grafiki effektlerinden diýseñ täsirlenipdiler, emma gozgaýan temasyna welin o diýen düşünmändiler. Filosofiýa we filosofiýanyñ taryhy bilen gyzyklanýanlar muny özleri üçin ajaýyp eser hasaplap bilerler, çünki kinofilm birnäçe dini we mifologiki hususlara deginip geçýär.
Gürrüñi uzadyp oturman, meni iñ köp täsirlendiren we oýlandyran epizodlarynyñ birine ünsüñizi çekeýin. Ýolbelet Morfeý bilen kompýuter programmasy Agent Smidiñ arasynda geçen dialogda Agent Smit adamlar barada şeýle diýýär:
" - Bu saýýaradaky her göwüsli jandar instinktiw taýdan özüni gurşap alýan sferasynda tebigy sazlaşyk döredýär, emma siz adamlar - muny edeñzok. Siz belli bir ýere ýerleşip köpelýärsiñiz, şol ýerdäki tebigy baýlyklar gutarýança-da hiç zat piñiñize däl. Onsoñ diri galmak üçin edip biljek ýekeje zadyñyz - ol ýerden aýrylyp başga ýere göçmek bolup galýar. Bu saýýarada şuña meñzeş ýoldan ýöreýän ýene bir organizm bar: “WIRUSLAR“. Ýagny, adama meñzeş näteñenälet kesel. Siz bu saýýarada kesel ýaly bir zat. Siz bu saýýarada rak keseli ýaly, siz ýokanç keseliñ bir görnüşi!"
Nädogrumy näme?

* * *

Wirus sebäpli daşary çykyp bilmeýändigimizden halysalla ýadap zeýrenmäge başlaýarys, emma ýaşamaga mätäç bolan dünýämizi niçiksi hallara salandygymyzy ýadymyza saljagam bolamzok!
Hakykatdanam dünýädäki tebigy çeşmeleri, gözellikleri ýok edip şeýle bir köpelipdiris welin, aýdyp-diýer ýaly däl!
Biz adamlar - howany hapaladyk! Suwy hapaladyk! Topragy hapaladyk, taladyk! Haýwanlary gyrdyk, ýaşaýyş zonalaryny ýok etdik we özümizi dünýäniñ hojaýyndyr öýtdük!
Şindi bolsa, göze görünmejek derejede kiçijik wirus bize “Duruñ!“ diýýär!
Adamzadyñ elini tebigatyñ ýakasyndan çeken şu az salymlyk wagty adam işjeñliginiñ peselen tebigatynda diýseñ oñyn üýtgeşmeleri döretdi.Uçarlar uçmandygy we awtoulaglar mümkingadar az ulanylandygy üçin howanyñ hapalanmagy minimal derejä düşdi. Ozon gatlagy öz-özünden täzelenmäge başlady.
Nesli gyrlyp gutarma howpy abanan haýwanlaryñ sany artmaga başlady. Hatda pandalar hem adamyñ salýan howpundan halas bolup, köpelmäge başladylar.
Wenesiýanyñ durnañ gözi ýaly arassalanan köçe suwlarynda balyk iýýän guşlara, Italiýanyñ şäherleriniñ köçelerinde ýekegapanlara duş gelindi.
Daşa gidip oturmalyñ, gözeller gözeli Stambul bogazynda delfinler ýüzüşmäge başlady. Stambuldan Uludag seleñläp göründi. Pamukkalede adamlardan ýaña garagäz bolan trawertinler täzeden agaryp başlady.Görşüñiz ýaly, tebigata sähel mümkinçilik döredilse, ähli abatlygy we ajaýyplygy bilen yzyna dolanyp geljege meñzeýär.
Eger koronawirus belasyna tebigatyñ bize beren duýduryşy diýip düşünsek, onda ol bize gaty öte geçendigimizi we şumatky bolşumyzy üýtgetmelidigini duýdurýar.
Indi biz dünýäniñ diñe özümiz üçin ýaradylmandygyna, onuñ hojaýyny bolmaýşymyz ýaly, öz isleglerimize görä-de ulanyp bilmejekdigimize akyl ýetirmegimiz gerek.

* * *

Nähili köpelşimize seredeliñ: Dünýäniñ ilaty 1800-nji ýyllarda 1 milliard, 1900-njy ýyllarda 1,5 milliard, 2000-nji ýyllarda 6,1 milliard, häzir 7,7 milliard.
Wirusdan çalt köpelýäris! Muña bir çäklendirme girizilmese, biz ahyrynda öz-özümizi ýok edip gutararys. Şonuñ üçinem ilkinji nobatda dünýä derejesinde ilatyñ artyş ýagdaýyny berk gözegçilik astyna almaly.
Pikir edip görüñ, bir awtoulagy ulanmak üçin dünýäniñ hemme ýerinde çäklendirmeler (ýaş we ş.m.) bar, sürüjilik şahadatnamasynyñ we beýleki gerekli goşmaça resminamalaryñ (tehpasport, guratlyk haty) bolmagy talap edilýär.
Emma külli adamzada we dünýäniñ gelejegine ýiti täsir edýän ilat sanynyñ artyşy meselesinde şular ýaly baş-başdak we sowuk-sala çemeleşip bilýäriskä? Bir çagany dünýä inderip ony kemala getirmek, ile-güne we watanyna peýdaly ylymly-bilimli adam ýetişdirmek awtoulag ulanmakdan beter ähmiýetsizmi?
Isleýän, islän ýerinde, isleýşiçe köpelýär!Häzir biz munuñ netijelerinden diñi birini başdan geçirýäris we öñüni alyş çäreleri geçirilmese, gelejekde has beter ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz bolarys!

* * *

Ynha, şular ýaly hiç bir şahadatnamasyz, rugsatsyz köpelme netijesinde orta çykan Ozan Ö. atly adampisint jandaryñ biri hiç bir sebäpsiz üç aýlyk güjügi ýere urup öldürdi.
Howpsuzlyk wideokamerasynyñ düşüren ýazgysynda (ahyryna çenli seretmäge ýüregim çydamady) güjüjegi kowalaýar, ony bukulan ýerinden çykarýar-da, ýere pylçap urýar we neresse güjüjek urgynyñ zarbyna urnup-urnup jan berýär. Şol wagt dükanyñ içinde oturan başga bir adam bu jenaýata tomaşa edýär. Olam azyndan şü adampisint jandar kimin wyždansyz!
Bu wagşy jandar ele salnyp, jogapkärçilige çekilýär.
Günäkäriñ ilki “Mala şikes ýetirmek” etmişi bilen tussag edilmegi talap edilipdir.“Malmy”? Jan ol, jan! Ol biçäre içinden demi gelip gidýän, hiç kime zyýansyz kiçijik bir jan ahwetin!..
Soñra günäkäre daşary ýurda çykmak gadagançylygy we ýaşaýan ýerini taşlap gitmezlik şeklinde sud gözegçiligi goýlupdyr.
O nämäñ daşary ýurda çykmak gadagançylygy? Bolmanda-da şumat hemmelere daşary ýurda çykmak gadagan! Aýratynam teker çalyşýan ýerde işleýän biri üçin berip boljak ajaýyp karar! Onuñ daşary ýurda gidip-gelýändigine kepilem geçip bilerin men!
Öý tussagymyş! Ýeri, onuñ bizden näme parhy bar? Hemmämiziñ şonsuzam öýden çykyp bilmeýän şu günlerimizde, jeza hökmünde öý tussaglygyny-da berip bolarmy?!
Bu jeza diñe adamsypat jandarlara täsirli jeza bolupdyr!Ilatyñ artyş sanyna gözegçiligi ýola goýmak hökmany!

Pynar TURAN.

25.04.2020, "Sözcü" gazeti.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.

Çeşme: kitapcy.com

Bilim, wagt tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir