AÝNURA...


Bir söwdadan umytsyzja basyldym,
Ýöne men begenýän basylanyma,
Sebäbi men seniñ bilen tanyşdym,
Ukym tutman,
Janyma hem jan tapman,
Aýly gije ele kagyz alýaryn,
Yşk hijrana düşüp, serim aýlanyp
Sebäbin sorama jogaby sende;
Sebäp, seni söýýän gül ýüzli ýarym,
Ýetişen bagymda
Almaly narym,
Ýaşlygyñ ýaşylja ýapraga meñzeş,
Keşbiñe taý ýokdur hem saña meñzeş,
Göýä asmanlardan gonýan hüýrleriñ,
Birimi sen,
Ýa-da ýerdäki hüýrmi?
Gara gözleriñe tussag edensiñ,
Bu özbaşdak, garaşsyz gara başy,
ㅡ ''Söýýärin men seni,
Jandan ýürekden''
Diýip her bir aşyk öz magşugyna,
Söz aýdýandyr, ýöne welin başgaça,
Men aýtmak isleýän şol duýgulary,
Şeýdip birden ýitip gitdiñ aradan,
Ne men senden habar alyp bilýärin,
Ne-de näzik sesiñ eşdip bilýärin.
Çünki senden bu golaýda habar ýok...
Geljegime ýagty saçyp bir günler
Dolanyp kalbyma dolarmyñ ýene
Göýä giden ýaly menden daşlaşyp
ㅡ Diýip barmak basyp sananymdan soñ...
Ahyrynda ýene yza dolanyp
Ýene maña sen
Dolanyp gelensiñ!

21.07. 2020.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir