OSMANLYLARYÑ ZARBA URUJY GÜÝJI

▶ AKYNÇYLAR OTRÝADY

Osmanly türkmen döwletiniñ zarba urujy güýjüni emele getiren akynçylar otrýady döwletiñ ilki gurlan wagtynda orta çykypdyr we XVII asyryñ başlaryna aktiw hereketde bolupdyr. Ilkinji akynçylara döwletiñ düýbüni tutujy Osman Gazynyñ döwründe duş gelmek mümkin. Täze ýerleriñ eýelenmeginde akynçylaryñ hyzmaty uly bolupdyr. Hususanam, Köse Mihal we onuñ ogullary akynçylaryñ başyny başlap, Osmanly döwletiniñ berkemegi üçin söz bilen baha bererden beýik işleri bitiripdirler.
Ewrenos begiñ ýolbaşçylygynda özbaşdak güýçli gurama öwrülen akynçylara gönüden-göni patyşanyñ tabynlygynda hereket edipdir. Akynçylaryñ eden işine patyşadan başga hiç kim goşulyp bilmändir.
Akynçylaryñ serdaryna Akynçy beg diýlipdir. Akynçylar öz aralarynda dalgylyç, pidaýy, azap, däli, serdengeçdi, bäşli we meýletinçi ýaly atlara bölünipdir. Akynçy begleriniñ sözi kanun bilen deñ hasaplanypdyr, oña garşy gitmek barada pikirem edilmändir. Akynçy begi patyşadan başgasynyñ buýrugyny diñlemändir.
Hemişe diýen ýaly araçäk zonalarda oturan bu esgerler osmanly goşunynyñ awangard güýji bolupdyr. Olar wagtal-wagtal araçäkden aşyp, goñşy ýurtlara alamançylyk edipdirler. Akynçylar gören-eşiden zatlaryny hökümdara habar bermäge borçly bolup, konrrazwedka gullugynyñ ýerini tutupdyr.

Makalanyñ doly görnüşini kitapcy.ga saýtynda aşakdaky linkden okap bilersiñiz:

http://www.kitapcy.ga/news/akyncylar_otryady/2020-03-26-11005

Edebiýat, wagt tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir