KÄBÄNI TOGAP EDEN GUŞLAR

Dünýä ýurtlarynyñ aglabasyny aldym-berdime salan koronawirus howpy Allanyñ öýi hasaplanýan Mukaddes Käbäniñ zyýaratyna-da täsirini ýetirmän goýmady. Aslynda bu birinji gezek bolýan zat däl. Taryhda uruşlar, talañçylykly wakalar, köpçülikleýin keseller Käbäniñ birnäçe gezek zyýarata ýapyk ýagdaýda durmagyna sebäp bolupdy.
Ybraýym pygamberiñ (a.s) bina eden döwründen bäri birnäçe gezek zyýarata ýapylan Käbe bu gezek täze koronawirus (kowid-19) keseli sebäpli Saud Arabystany patyşalygy tarapyndan wagtlaýyn zyýarata ýapyk diýip yglan edildi.
Mukaddes Käbäniñ zyýaratçysyz boş ýagdaýdaky fotosuratlary habarlarda we käbir internet sahypalarynda berilmegi taryhda öñ bolup geçmedik waka ýaly garaldy we uly seslenme döretdi.
Käbirlerimiz Käbäniñ boş durmagyna bolan gynanjyny we gorkusyny beýan etse, käbirlerimiz muña adaty ýagdaý hökmünde seredip, keseliñ öñüni alyş işleriniñ çäginde amala aşyrylmaly hökmany çäre hökmünde baha berdi. Gynansak-da, muña "araplaryñ "Bakara", "Ankebut", "Kasas" sürelerinde Käbäniñ Allatarapyn goralýan howpsuz ýerdigi baradaky aýatlara ynanman, koronawirusdan gorkularyna Käbä barmagy gadagan edýärler" diýen ýaly ýerliksiz düşündirişler bilen ýañsylamaga synanyşanlar hem tapyldy. Olaryñ pikiriçe, hamala "Allatagala öz öýüni gorap bilmeýärmişin, eger araplar Käbäni Allanyñ gorajakdygyny bilýän ýa-da ynanýan bolsalar Käbäni ýapmaly dälmişin".
Taryhda Käbe uruşlardyr epidemiýalar ýaly dürli sebäpler bilen birnäçe gezek zyýarata ýapylypdyr. Ýöne tehnologiýanyñ ösen döwründen bäri şular ýaly waka ilkinji gezek bolup geçýär.

Makalanyñ doly görnüşini kitapcy.ga saýtynda aşakdaky linkden okap bilersiñiz:

http://www.kitapcy.ga/news/kabani_togap_eden_guslar/2020-03-15-10788

Edebiýat, wagt tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir