TARYHY ŞAHSYÝETLER

▶ BAÝJU NOÝON 

Baýju noýonyñ obrazy "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ baş gahrymanlarynyñ biri hökmünde türkmen tomaşaçylaryñ añyna hemişelik siñdi. Taryhda hakykatdanam ýaşap gecen bu talañçy mongol serkerdesi Anadoly türkmenleriniñ başyna inderen zulumy bilen beýleki mongol serkerdelerinden has öñe saýlanypdyr. Onuñ teleserialdaky keşbini türk aktýory Baryş Bagjy janlandyrdy. 

■ Baýju noýon kim bolupdyr? 

Taryhçy Öwez Gündogdyýew tarapyndan asly türkmenleriñ alan-as taýpasyndandygy öñe sürülen[1] Jebe noýonyñ ýakyn garyndaşy bolan Baýju noýon 1228-nji ýylda mongol goşunlarynyñ Yspyhan ýörişine gatnaşypdyr. Soñra ol Jormagon noýonyñ Kawkaza eden ýörişlerine-de gatnaşypdyr. 1241-nji ýylda syrkawlan Jormagon noýonyñ ýerine Mugandaky mongol goşunynyñ serkerdesi wezipesine bellenen Baýju noýon türkmenleriñ turzan Baba Yshak gozgalañynyñ netijesinde Anadoly Seljukly döwletiniñ gowşamagyndan peýdalanyp ermenilerden we gürjülerden toplan 30.000 adamlyk goşuna baş bolup Mugandan çykýar. 

Makalanyñ dowamyny kitapcy.ga saýtynda aşakdaky linkden okap bilersiñiz:

http://www.kitapcy.ga/news/bayju_noyon/2020-03-04-10676

Edebiýat, wagt tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir